«Türkmenistan: altyn asyr» > Resmi habarlar > Türkmenistanyò Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar geòeºiniò Baºlygynyò orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyò Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar geòeºiniò Baºlygynyò orunbasaryny kabul etdi2 èþëÿ 2008. awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy |
|
Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar geòeºiniò Baºlygynyò orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi.
Duºuºygyò barºynda söhbetdeºler 25 ýyllyk döwletara ylalaºygynyò çäklerinde uzakmöhletleýin esasda gaz ulgamynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaºlyga degiºli meseleleri ara alyp maslahatlaºdylar. Taraplar boýun alnan borçlaryò ýerine ýetirilmegine elmydama ygrarlydyklaryny belläp, ýakyn geljek üçin bilelikdäki meýilnamalar boýunça pikir alyºdylar hem-de hyzmatdaºlygyò uly potensialyndan we mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmak maksady bilen, däp bolup gelýän hyzmatdaºlygy ösdürmegiò ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. ªonda rus tarapy türkmen tebigy ýangyjynyò satyn alynýan möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Hazarýaka gaz geçirijisiniò gurluºygy hem-de hereket edýän döwletara gaz geçiriji ulgamy döwrebaplaºdyrmak baradaky taslamalary durmuºa geçirmek meselesi söhbetdeºlikde ara alnyp maslahatlaºylan meseleleriò biri boldy. ªunuò bilen baglylykda Türkmenistanyò Prezidenti we «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar geòeºiniò Baºlygynyò orunbasary täze gaz geçirijini gurmaga giriºmegiò möhletlerini mümkingadar tizleºdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler, bu gaz geçirijisi hyzmatdaº ýurtlara—ýangyjy uly möçberde eksport edijilere Ýewropanyò bazaryna çykmaga has giò ýol açar hem-de Hazar sebitiniò nebitgaz infrastrukturasynyò ösdürilmegine güýçli itergi berer. ªeýle hem beýleki perspektiwaly ugurlaryò birnäçesi boýunça, hususan-da, gazy gaýtadan iºlemekde hyzmatdaºlyk etmegiò mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaºyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika sektoryndaky diwersifikasiýalaºdyrmak prinsiplerinde guralýan hem-de dünýäniò energetika bazarynyò konýunkturasyndan ugur alýan hyzmatdaºlyk boýunça ýurdumyzyò pozisiýasyny aýdyòlaºdyryp, ºunda «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò Türkmenistanyò esasy strategiki hyzmatdaºy bolandygyny we ºeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Alekseý Miller mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyò Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we Türkmenistanyò halkynyò bähbidine gönükdirilen ähli baºlangyçlarynda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Türkmen Lideri we myhman hoºlaºanlarynda, deòhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda amala aºyrylýan netijeli hyzmatdaºlygyò mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Duºuºyga Russiýa Federasiýasynyò Türkmenistandaky Adatdan daºary we Doly ygtyýarly ilçisi Igor Blatow gatnaºdy. |