«Türkmenistan: altyn asyr» > Resmi habarlar > Türkmenistanyò Prezidenti Saud Arabystany Patyºalygynyò ýokary wezipeli wekilini kabul etdi
Türkmenistanyò Prezidenti Saud Arabystany Patyºalygynyò ýokary wezipeli wekilini kabul etdi2 èþëÿ 2008. awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy |
|
Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyºalygynyò goranmak ministriniò geòeºçisi Emir Muhammad ben Saad ben Halid ben Muhammad Al-Saudy kabul etdi.
Myhman Türkmenistanyò Prezidentini doglan güni bilen gutlap, oòa berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki edermençilikli iºinde uly üstünlikler arzuw edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystanynyò Patyºasy Abdulla ben Abdel Aziz Al-Saudyò we Mirasdüºer ºazada Emir Sultan ben Abdel Aziz Al-Saudyò mähirli salamyny we iò oòat arzuwlaryny gowºurdy. Türkmenistanyò Prezidenti mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Saud Arabystanynyò Patyºasyna we Patyºanyò maºgala agzalaryna iò oòat arzuwlaryny aýtdy we ýola goýlan döwletara gatnaºyklarynyò ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duºuºygyò barºynda myhman türkmen döwletiniò baºtutanyna «Türkmenistan we Saud Arabystany: dostlugyò we hyzmatdaºlygyò ýoly bilen» diýen kitaby gowºurdy, ýakynda türkmen paýtagtynda bu kitap bilen tanyºdyrylyº dabarasy geçirildi. Emir Muhammad ben Saad ben Halid ben Muhammad Al-Saud türkmen Liderine kitabyò neºir edilmegine ýardam berendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynda-da bu kitap bilen tanyºdyrylyº dabarasynyò geçiriljekdigini belledi. Muhammad ben Saad ben Halid ben Muhammad Al-Saudyò bellemegine görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò uly möçberli reformatorçylyk iºine hem-de doganlyk iki halkyò arasyndaky dostlukly gatnaºyklara bagyºlanan bu kitapda 2007-nji ýylyò aprelinde Türkmenistanyò Baºtutanynyò Saud Arabystanyna bolan saparyna aýratyn orun berilýär, bu sapar döwletara gatnaºyklarynyò taryhynda hil taýdan täze tapgyryò baºlanmagyna badalga berip, ugurlaryò ählisi boýunça özara peýdaly hyzmatdaºlygyò iºeòòirleºdirilmegine güýçli itergi berdi. Emir Türkmenistan bilen gatnaºyklaryò ösdürilmegine Saud Arabystanynda uly ähmiýet berilýändigini belläp, türkmen Lideri tarapyndan gadymy ruhy gymmatlyklaryò, parahatçylyk we ynsanperwerlik ideallarynyò berkemegine gönükdirilip amala aºyrylýan syýasatynyò halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýratyn nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kitaby neºir etmek baradaky baºlangyjy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu iºiò Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyò halklarynyò arasyndaky doganlyk gatnaºyklaryny berkitmäge, iki ýurduò abadançylygynyò hatyrasyna döwletara gatnaºyklaryny mundan beýläk-de giòeltmäge we çuòlaºdyrmaga ýene bir goºant bolar diýip ynam bildirdi. Duºuºyga Saud Arabystany Patyºalygynyò Türkmenistandaky Adatdan daºary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Aziz Ibrahim Al-Gadir gatnaºdy. |