| |
Ýaòy-ýakynda Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Tatarystan Respublikasyna sapary üstünlikli tamamlandy. Kazanda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew netijeli gepleºikleri geçirdiler. Olaryò barºynda özara bähbitli hyzmatdaºlygy mundan beýläk-de giòeltmegiò we berkitmegiò parametrlerini kesgitlediler. Gepleºikleriò barºynda Liderleriò ikisi hem iki ýurduò habar beriº seriºdelerine jikme-jik interwýu berdiler. Olar gazetiò ºu günki sanynda çap edilýär.
Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò «Tatar-inform» habarlar agentligine interwýusy
—Tatarystana sapar Türkmenistan bilen Russiýanyò arasyndaky gatnaºyklaryò taryhyndaky täze tapgyra badalga berýär. Siziò pikiriòizçe, bu sapar däbe öwrülen türkmen-rus hyzmatdaºlygyna nähili goºant goºar?
—Meniò pikirimçe, biz taryhda täze sahypa açyldy diýip ynamly aýdyp bileris. Russiýa beýik ýurt, ol etniki taýdan köpdürlüligi bilen, senagat, ylmy we medeni potensialynyò ägirt uly diapazony bilen haýran galdyrýar. Tatarystan Respublikasy ºu jähtden ajaýyp mysal bolup durýar, muòa biz bu gün aýdyò göz ýetirdik. Russiýa Federasiýasynyò regionlary bilen gös-göni we amatly gatnaºyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn döwletara gatnaºyklarynda ileri tutulýan ugurlaryò biridir. Soòky döwürde Sankt-Peterburgdan, Astrahan we Swerdlowsk oblastlaryndan, galyberse-de, Tatarystandan wekilçilikli delegasiýalaryò birnäçesi Türkmenistanda boldy. Ine, biz jogap sapary bilen, hut Tatarystana geldik, biz oòa örän perspektiwaly we ygtybarly hyzmatdaº hökmünde garaýarys, biz bilelikde hyzmatdaºlyk etmek arkaly baý tejribe topladyk. Iò bärkisi, «KAMAZ» bilen hyzmatdaºlygy alyp göreliò. Bu meºhur markaly maºyn Türkmenistanyò milli we sebit derejesindäki uly gurluºyklarynyò ählisinde diýen ýaly ulanylýar. «Tatneft» bilen hyzmatdaºlyk, ºeýle hem gumanitar hyzmatdaºlyk boýunça uly möçberli meýilnamalarymyz bar. Bularyò ählisiniò türkmen-rus gatnaºyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaºdyryp, bu gatnaºyklaryò dürli ugurly we gyzyklanma bildirilýän häsiýetde bolmagyna ýardam berjekdigine hem-de iºjeòlik bilen ösdürilýän döwletara gepleºiginiò diapazonyny giòeltjekdigine söz ýok. —Türkmen we tatar halklaryny taryhy we medeni bitewilik baglanyºdyrýar, onuò kökleri asyrlaryò jümmüºinden gözbaº alyp gaýdýar. ªol gatnaºyklar Türkmenistanyò we Tatarystanyò häzirki döwrebap ösüºiniò barºynda nähili derejede özgerdiler?
—Biziò halklarymyzy ruhy köklere ygrarlylyk, taryhyò we diliò umumylygy, asyrlarboýy aýawly saklanyp, biziò günlerimize ýetirilen baý medeniýet baglanyºdyrýar. Bu gün biz muòa aýdyò göz ýetirdik. Gumanitar ugurdaky gepleºikleriò, halklaryò medeni gatnaºyklarynyò bulary biri-birine has ýakynlaºdyryp, düºüniºmegine ýardam bermek bilen, giò we netijeli döwletara gepleºigini ösdürmekde güýçli faktor bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Biz ºu ugurda oòat netijeleri gazanýarys. Türkmen artistleriniò türki halklaryò «Nauruz» ýedinji Halkara teatr festiwalyna gatnaºmagy muòa mysal bolup biler, bu çäre Kazan ºäheriniò esaslandyrylmagynyò 1000 ýyllygynyò baýramçylygyna gabatlanyp geçirildi. Tatar alymlary biziò ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy forumlara iºeòòir gatnaºýarlar. Köp halklar üçin türkmen taryhynyò we medeniýetiniò dünýäsine tarap ugur görkeziji bolup durýan mukaddes Ruhnamanyò birinji kitaby tatar dilinde neºir edildi. Hyzmatdaºlygyò ºu ugry hakykatdan-da çäksizdir. Sport babatda-da ºeýle. Biz Aºgabatda ajaýyp Buzly köºgi gurduk, ýaºlar buzda typmak we hokkeý bilen höwesli meºgullanýarlar. Biz tatar hokkeýiniò gazanýan üstünliklerinden habarly, siziò trenerleriòizi we sportsmenleriòizi Türkmenistanda uly ºatlyk bilen kabul ederis. Häzirki wagtda türkmen opera sungaty täzeden dikeldiº döwrüni baºdan geçirýär. Bütin dünýäde belli tatar opera mekdebiniò tejribesi biziò artistlerimiz üçin örän peýdaly bolar. Baºgaça aýdanymyzda, biz bu örän möhüm ähmiýetli ugurda giò we özara peýdaly hyzmatdaºlyk etmäge hemiºe taýýar.
—Häzirki wagtda Türkmenistan ähli ugurlar boýunça reformalaryò we özgertmeleriò ýoly bilen barýan ýurt hökmünde tutuº dünýä bellidir. Siziò amala aºyrýan syýasatyòyzda haýsy ugurlar ileri tutulýar?
—Halkymyzyò abadançylygy, bagty, göwnejaý durmuºda ýaºamagy — Türkmenistanyò amala aºyrýan syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurdyr. Biziò yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ºygarymyz ýurtda amala aºyrylýan ähli reformalaryò we uly möçberli maksatnamalaryò esasy prinsipi bolup durýar. 2020-nji ýyla çenli döwürde welaýatlaryò ilatynyò durmuº-ýaºaýyº ºertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama anyk mysallaryò biridir. Diòe ilkinji döwürlerde döwlet bu maksatnamanyò durmuºa geçirilmegine 4 milliard dollar möçberinde maýy goýumlaryny gönükdirdi. Türkmenistanyò täze ykdysady strategiýasynda sosial aspekt ilkinji hatara geçýär, ºonda ýerlerde täze senagat önümçilikleriò, diýmek, täze iº orunlarynyò ýüzlerçesiniò döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda, batly tizlikleriò, senagatyò we ylmyò köp talap edýän ýokary tehnologiýalaryò güýçli depgin bilen ösýän asyrynda islendik ýurduò üstünlikli ösüºi ökde hünärmenleri taýýarlamak meselesiniò oýlanyºykly çözülmegi bilen gös-göni baglydyr, Türkmenistan bilim ulgamynyò we ylmyò kämilleºdirmegini hem-de bularyò dünýä derejesine çykarylmagyny öz syýasatynyò möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Milli saglygy goraýºyò ösdürilmegi we ýaºaýyº jaý syýasaty wajyp ähmiýetli ugurlar bolupdy we ºeýle bolmagynda galýar, soòky ýyllarda ºu ugurlarda uly üstünlikleri gazanmak baºartdy. Daºary syýasy ugur barada aýdylanda bolsa, sebit boýunça goòºy ýurtlar, ºeýle hem dünýäniò beýleki ýurtlarynyò ählisi bilen dostlukly gatnaºyklary pugtalandyrmak, özara peýdaly halkara hyzmatdaºlygyny ýola goýmak ileri tutulýan ugurdyr, munuò özi türkmen halkynyò hem-de hyzmatdaºlyk edýän ähli döwletleriò halklarynyò bähbitlerine laýyk gelýär.
—Ýewropadan Aziýa tarap barýan ýollaryò çatrygynda geografiýa taýdan örän amatly ýeri eýeleýän Türkmenistanda sebit üçin möhüm ähmiýetli uly möçberli taslamalaryò birnäçesi durmuºa geçirilýär. ªolaryò haýsysynda Tatarystanyò uly industrial kärhanalarynyò we ylmy-tehniki merkezleriniò potensialyndan peýdalanyp bolar?
—Ýaòy belläp geçiºiòiz ýaly, gadymy döwürlerde Gündogaryò we Günbataryò arasynda möhüm ähmiýetli tranzit düzüm bolan Türkmenistanyò üsti bilen, Beýik Ýüpek ýoly geçýärdi. Ençeme asyrlardan soò, biz bu haýran galdyryjy ýoly täzeden dikeldýäris, çünki häzirki wagtda bu ýol medeniýetleriò biri-biriniò üstüni ýetirmeginiò hem-de döwletleri we halklary biri-birine ýakynlaºdyrmagyò hatyrasyna tagallalary birikdirmegiò özboluºly simwolyna öwrüldi. Türkmenistan—Hytaý aralygyndaky täze gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýolunyò häzirki döwürdäki keºbini göz öòüne getirmäge ýardam berýär, bu günki gün ºol gaz geçirijiniò gurluºygy güýçli depginde alnyp barylýar. Soòky bir ýyldan sähel gowrak wagtda Türkmenistan sebit ähmiýetli uly möçberli taslamalaryò baºga-da birnäçesini öòe sürdi. Ýagny «Demirgazyk-Günorta» transmilli geçelge, Hazarýaka gaz geçirijisi, eýýäm ýakyn ýyllarda halkara ähmiýetli we örän oòaýly kurorta öwrüljek «Awaza» syýahatçylyk zolagy muòa mysal bolup biler. Elbetde, biz ºu we beýleki taslamalaryò durmuºa geçirilmegini iri halkara maliýe, ylmy we biznes-strukturalaryò, ºol sanda öòdenbäri gatnaºyk edýän tatarystanly hyzmatdaºlarymyzyò giòden çekilmegi bilen baglanyºdyrýarys. Meniò pikirimçe, «Tatneft» we «KAMAZ» ýaly iri kompaniýalaryòyzyò potensialyny hem-de batly depginde ösýän türkmen bazarynyò yzygiderli ýagdaýda artýan isleglerini göz öòünde tutanyòda, däbe öwrülen, döwrüò synagyndan geçen hyzmatdaºlyk uly perspektiwalara eýedir.
— Mälim bolºy ýaly, Türkmenistanyò Prezidenti wezipesine saýlananyòyzdan soò, bilim ulgamyndaky reforma baradaky karar Siziò ilkinji ädimleriòiziò birine öwrüldi. ªonda halkara hyzmatdaºlygyna, hususan-da, Tatarystanyò esasy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaºlyga nähili ähmiýet berilýär?
— Men bilimiò adam jemgyýetini ösdürmegiò esasy ugry, ýagny döwletiò ykbalyny, onuò geljegini kesgitleýän faktor bolup durýandygyny gaýtalap aýdasym gelýär. Häzirki wagtda, Türkmenistanyò öz taryhynyò täze pursatynda ýurtda sosial-ykdysady özgertmeler bilen birlikde bilim we ylym ulgamlarynda reformalaryò ýaýbaòlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biz tutuº ýurt boýunça döwrebap okuw jaýlaryny gurup, okatmak prosesine has kämil tehnologiýalary ornaºdyrmak hem-de bilim edaralaryny aragatnaºygyò has kämil seriºdeleri bilen üpjün etmek arkaly, bilim ulgamyny intensiw ýagdaýda ösdürmek üçin köp iºleri edýäris. Biziò bilim syýasatymyzyò esasy maksady ýurtda milli kadrlary taýýarlamagyò kämil sistemasyny döretmekden ybarat bolup durýar, olaryò taýýarlyk derejesi dünýäniò iò ýokary ülòülerine laýyk geler. ªunuò bilen baglylykda, biz giò halkara hyzmatdaºlygynyò ösdürilmegine aýratyn üns berýäris. Häzirki wagtda halkara standartlarynyò derejesinde, ºol sanda Russiýa Federasiýasynyò meºhur okuw jaýlarynda bilim almak we hünär öwrenmek üçin türkmen ýaºlaryna oòaýly mümkinçilik döredildi. Biz dürli ýurtlaryò okuw we ylmy merkezleriniò arasyndaky gös-göni gatnaºyklaryò ösdürilmegini, bilelikdäki barlaglaryò geçirilmegini we maglumatlaryò alºylmagyny hemmetaraplaýyn höweslendirýäris. Biz Tatarystanyò uniwersitetleri bilen ºeýle hyzmatdaºlygy ikelläp goldaýarys.
—Türkmenistanyò ägirt uly energetiki potensiala eýe bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Ýöne häzirki wagtda birinji derejeli dokma önümleri ýurduò ykdysadyýetiniò eksportunyò möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan bilen Tatarystanyò arasyndaky hyzmatdaºlyk nähili perspektiwalary açýar?
—Siz mamla, Türkmenistan uglewodorod çig malynyò global gorlaryna eýedir, onuò dünýäniò energetika döwleti hökmünde ykrar edilen statusy ºonuò bilen ºertlendirilendir. Ýangyç-energetika sektory milli ykdysadyýetiò esasy pudagydyr, ºonda biz pudagyò ösüºiniò diwersifikasiýasyna, ºonuò bilen birlikde türkmen ýangyjynyò eksport ýollarynyò diwersifikasiýasyna bil baglaýarys. Ýurtda çig mal çykarýan infrastrukturanyò döwrebaplaºdyrylmagy bilen bir hatarda, gaýtadan iºleýän döwrebap industriýa döredilýär, onuò önümlerine indi birnäçe ýylyò dowamynda dünýä bazarlarynda durnukly ýagdaýda uly isleg bildirilýär. Dokma senagatynyò önümleri barada aýdylanda bolsa, ony satyn alyjylaryò hem geografiýasy haýran galdyrýar. Garaºsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda kämil enjamlar we öòdebaryjy, ekologiýa taýdan arassa, galyberse-de, diòe ýerli çig mal bilen iºleýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman dokma önümçilikleriniò ulgamy döredildi. Baºgaça aýdanyòda, bu günki gün gutarnykly sikliò degiºli infrastrukturasy bolan kuwwatly industriýa eýediris. Türkmenistan geljegine uly umyt baglanýan bu sferada daºary ýurtly hyzmatdaºlary bilen üstünlikli iºleýär. ABª, Russiýa, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyò birnäçesi biziò köp görnüºdäki önümlerimizi: pagta süýüminden we ýüplükden baºlap, taýyn önümleri uly isleg bildirip satyn alýarlar. ªoòa görä-de, Tatarystan bilen hyzmatdaºlyk etmek üçin örän giò mümkinçilikler döreýär. Mysal üçin, maòa mälim bolºuna görä, Türkmenistana saparlaryò barºynda Tatarystanyò delegasiýalarynyò wekilleri dürli pudaklaryò iºgärleri üçin ýörite geýime uly isleg bildirdiler, bizde ºol geýimleriò hem çykarylyºy oòat ýola goýlandyr.
Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýewiò Türkmen döwlet habarlar gullugyna (TDH) interwýusy
—Jenap Prezident, Siziò pikiriòize görä, Türkmenistanyò Prezidentiniò Tatarystan Respublikasyna saparynyò syýasy ähmiýeti nämeden ybarat?
—Ilkinji nobatda, bu biziò ýurdumyza we onuò halkyna çuòòur hormatyò subutnamasydyr. Asyrlaryò dowamynda biziò halklarymyzy baglanyºdyran taryhy gatnaºyklar häzirki zaman eýýamynda öz aýdyò beýanyny tapdy. Gumanitar hyzmatdaºlygyò, ºol sanda taryhy barlaglaryò köp meselelerini çözmekden baºga-da, ykdysady gatnaºyklaryò dürli aspektlerine garaldy. Bu biziò gatnaºyklarymyzyò möhüm tarapydyr. ªol gatnaºyklaryò Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyò hyzmatdaºlygynyò çäklerinde netijeli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Sebitleýin hyzmatdaºlyk Russiýanyò daºary syýasatynyò möhüm ugrudyr. Bu hyzmatdaºlyk özara bähbitli gatnaºyklar üçin ägirt uly oòyn potensialdyr. Biz ony doly ulanmagy göz öòünde tutýarys.
—Jenap Prezident, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaºlyk hakynda Tatarystanyò we Türkmenistanyò hökümetleriniò arasynda gol çekilen Ylalaºygy teswirläp beräýseòiz?
—Hökümetara ylalaºygyna Türkmenistanyò Prezidentiniò we Tatarystan Respublikasynyò Prezidentiniò gol çekmegi möhüm faktdyr. Ylalaºygyò esasy düzgünleriniò Russiýa Federasiýasynyò hökümeti tarapyndan garalan we makullanylan ºertlerinde munuò özi halkara kadalaryna ters gelmeýär. Bu gol çekilen resminamalaryò ähmiýetini artdyrýar. Ylalaºyk binýatlaýyn resminamadyr, mundan beýläkki hyzmatdaºlyk üçin esasdyr. Biziò umumy medeni-taryhy mirasymyz Ylalaºygyò aýratyn temasydyr. Biz ileri tutulýan ugur hökmünde ylmy hyzmatdaºlygy ösdürmek barada ylalaºdyk. Mundan baºga-da, medeni we ykdysady durmuºda hyzmatdaºlyk etmek boýunça Türkmenistanyò wekilhanasyny Tatarystanda, degiºlilikde Tatarystanyò wekilhanasyny Türkmenistanda açmak bilen baglanyºykly geçirilmeli iºler kesgitlenildi. Bu ýerde, biziò respublikamyzda türkmenleriò medeni-awtonom jemgyýeti netijeli iºleýär. Türkmenistanda tatarlaryò ºeýle medeni merkezi ýa-da bileleºigi ýokdy. Türkmenistanda ýaºaýan tatarlar bolsa az däl. Ýakyn wagtda bize medeni awtonomiýanyò çäklerinde öz medeniýetimizi we dilimizi saklamaga, jemgyýetçilik guramasy formatynda Türkmenistanyò beýleki jemgyýetçilik birleºmeleri bilen hyzmatdaºlyk etmäge mümkinçilik berjek ºertleriò dörediljekdigine ynanýaryn. Bu teklibiò örän pozitiw kabul edilendigini aýtmak isleýärin. Ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak gumanitar hyzmatdaºlygyò möhüm meselesidir. ªol bir wagtda häkimiýetiò federal edaralary tarapyndan berilýän kwotalar hem bar. Biz bu sanlary artdyryp we bilelikdäki esasda iºläp bilerdik. Bu meselä ýakyn wagtda garalar diýip pikir edýärin, çünki ol biziò ýurtlarymyz üçin örän derwaýysdyr. Tatarystanyò we Türkmenistanyò ykdysadyýeti biziò üçin ykbal çözüji pudaklar bolan nebit we gaz pudaklaryna esaslanýar. Munuò üstüne umumy gumanitar gymmatlyklary hem goºmak bolar. ªol gymmatlyklar barada men eýýäm aýdyp geçdim. Munuò özi biziò bilim ulgamyndaky hyzmatdaºlygy ösdürmelidigimizi aòladýar. Türkmenistanyò Prezidenti bu ugruò zerurdygyny nygtady. Biz bu ugurda iºläris. Biziò ýokary okuw mekdeplerimizde talyplaryò eýýäm ençemesi okaýar, Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen duºuºdy. Biziò dillerimiziò, däp-dessurlarymyzyò ýakynlygy netijesinde talyplar ýerli ºertlere oòat uýgunlaºýarlar. ªu faktorlary nazara almak bilen, men bilim ulgamyndaky hyzmatdaºlygy ösdürmegi möhüm hasaplaýaryn. Biz muny hemmetaraplaýyn goldarys we onuò durmuºa geçirilmegine ýardam bereris. Tatarystanyò ykdysadyýeti barada aýdylanda bolsa, ol 60 ýyla golaý wagt bäri nebit çykarmak bilen meºgullanýar. Biz bu babatda uly tejribe topladyk. Bu ulgamda hyzmatdaºlygyò ýolunda ilkinji ädimleriò ädilendigini bolsa mübäreklemek gerek. Häzir bar bolan guýularyò nebit berijiliginiò ýokarlanýandygy baradaky görkezijiler bar, geljekde bilelikdäki geologiýa-gözleg iºlerini geçirmek mümkinçiligi hem aradan aýrylmaýar. ªol iºleri nebit çykarmak boýunça önümi paýlaºmak ºertlerinde geçirmek mümkin. Maºyn gurluºygy ulgamynda Türkmenistanyò bize isleg bildirilýän käbir önümleri ibermegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri bar, Tatarystanda bolsa Siziò ýurduòyz üçin gerek önümler, aýdalyò, gaz sorujy stansiýalar ýeterlik derejededir. Tatarystan olary «Gazproma» iberýär. Maòa mälim bolºy ýaly, Türkmenistan olary dünýäniò käbir kompaniýalaryndan buýurmalar esasynda alýar. Siziò hünärmenleriòiz biziò motor gurluºyk birleºigimiziò mümkinçiliklerini içgin öwrenýärler. Häzir biz gaz sorujy desgalary peýdaly koeffisienti has ýokary bolan täze çekijilere geçirýäris. Munuò özi türkmen tarapynda uly gyzyklanma döredýär. ªeýlelikde, bu babatda-da özara bähbitli taslamalar bar, olar ösdüriler diýip pikir edýärin. «KAMAZ»-yò Türkmenistana ilkinjileriò biri bolup çykandygy ykdysady hyzmatdaºlyk üçin möhüm faktor bolup durýar. Russiýa Federasiýasynyò Prezidenti Dmitriý Anatolýewiç Medwedewiò Türkmenistana boljak saparynyò çäklerinde, mümkin Prezidentleriò gatnaºmagynda, «KAMAZ» merkezi açylar. Bu ýerde diòe bir maºynlara hyzmat etmek we kadrlary okatmak iºleri amala aºyrylman, eýsem geljekde «KAMAZ»-laryò ýygnalmagyna hem umyt edýäris. Maòa mälim bolºy ýaly, häzir Türkmenistanda «KAMAZ»-laryò 7 müòe golaýy iºledilýär. Soòky ýyllarda satyn alynýan awtomobilleriò möçberi hem az däl: olaryò sany 2,5 müò maºyna ýetýär. Maºynlaryò ºeýle möçberdäkisi olara hyzmat edilmegini we iºgärleriò taýýarlanylmagyny talap edýär, çünki awtomobiller yzygiderli kämilleºdirilýär. «KAMAZ» tarapyndan çykarylýan maºynlaryò üçden biriniò häzir alysdaky ýa-da golaýdaky ýurtlara eksport edilýändigini belläsim gelýär. Agrosenagat toplumynda hyzmatdaºlyk etmegiò hem geljegi uludyr. Türkmenistan ak bugdaýyò Watanydyr. Bu bize örän ýakyn düºünjedir. Galla öndürmek, Tatarystana bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ibermek — bularyò ählisi geljekki hyzmatdaºlygyò meseleleridir. ªol bir wagtyò özünde Tatarystanda ýokary hilli maldarçylyk önümlerini import etmek üçin mümkinçilikler bar. Türkmenistanyò mümkinçiliklerini we Tatarystanyò senagat hem-de ylmy-tehniki potensialyny içgin öwrenmek üçin biz hemiºelik esasda iº toparyny döretmek barada ylalaºdyk. ªeýlelikde, biz özara bähbitli hyzmatdaºlyk üçin täze ugurlary taparys. Türkmenistanyò Ylymlar akademiýasynyò we Tatarystanyò Ylymlar akademiýasynyò, ºol sanda biziò respublikamyzyò çäginde ýerleºýän federal tabynlygyndaky institutlaryò iºgärleriniò bilelikdäki ylmy-barlag iºleri baradaky ylalaºyk bar. Gyzyklanma, höwes, birek-birege düºüniºmek ýagdaýy bar—munuò özi geljekki gatnaºyklar üçin oòat esasdyr.
—Tatarystan—bu diòe bir ykdysadyýetde, medeniýetde we sosial durmuºda gazanylýan ýokary netijeler däldir. Siziò ýurduòyzda sportda hem ýokary netijeler gazanylýar. Häzir «Rubin» futbol klubuna ýolbaºçylyk edýän ildeºimiz Gurban Berdiýewiò hem Tatarystanyò abraýyny ýokary galdyrmaga iºleýändigine umyt edýäris?
— Men bu barada köp zatlary aýdyp bilerin: türkmen halkynyò köp wekilleri bilen tanºyp, olaryò umumy häsiýetiniò bardygyna göz ýetirdim: olar örän oýlanyºykly hereket edýän, berk adamlardyr. Olar ar-namysyò nämedigine gowy düºünýän ynsanlardyr. Meniò Türkmenistanyò Prezidenti bilen ilkinji gezek ýakyndan tanyºlygym hem bu gelen netijelerimi tassyklady. Men Türkmenbaºyny hem gowy tanaýardym. Olar ygtybarly, edýän iºini bilýän adamlar. Ahyrky netijede wagt olaryò mamladygyny görkezýär. Häzirki syýasat Türkmenistanyò has açyk ýurt bolmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyò Prezidenti öz döwletini, öz halkyny siwilizasiýanyò gazananlaryna ýakynlaºdyrýar—bu, ilkinji nobatda, Türkmenistanyò abadançylygynyò hatyrasyna ösüºe barýan göni ýoldur. Gurban Berdiýew barada aýdylanda bolsa, häzir «Rubin» futbol komandasynyò premýer-liganyò komandalarynyò arasynda birinji ýerde barýandygy hem köp zady aòladýar. Sportda dürli ýagdaýlar bolýar. Ýeòiºlerem, ýeòliºlerem bolýar. Biziò döreden mümkinçiliklerimiziò çäklerinde ol öz iºini oòat bilýär. Çünki bu maddy mümkinçiliklere hem baglydyr. Biz oòa ähli zatda ynanýarys. Onuò öz pozisiýasy bar. Bu bolsa iº üçin örän möhüm zatdyr. Tatarlar üçin doganlyk halk bolan türkmenlere mahsus bolan häsiýetler onda öz beýanyny tapypdyr diýip, pikir edýärin. Türkmen halky bilen bizi köp asyrlyk däp-dessurlar, medeni we taryhy kökler baglanyºdyrýar. Gadymdan bäri hökümdarlaryò türkmenler bilen garyndaºlyk gatnaºyklary bolupdyr. Wolga Bulgariýasy döwründe olar dürli-dürli atlandyrylypdyr. Täze diniò — yslamyò wekilleri öz döwründe hut häzirki Türkmenistanyò territoriýasy arkaly gelipdir. Olar ºol dini biziò topragymyza ýetiripdir we ol halkymyz tarapyndan kabul edilipdir.
—Iò soòky sowal: Türkmenistanyò Prezidenti bilen bolan duºuºykdan we söhbetdeºlikden galan täsirler?
—Ol örän ygtybarly adam. Men muny bada-bat duýdum. Ol hemmelere ýarady: onuò meselelere garaýyºy hem, iºe çemeleºiºi hem ýarady. Iò esasy zat bolsa iºlemäge uly höwes we öz ýurdunyò bähbitlerini goramak duýulýar. Adamkärçilik häsiýetleri babatda aýdylanda bolsa, bu barada ºeýle diýmek bolar: adamyò gözlerine göni sereden wagtyò, köp zatlar aýan bolýar. Men türkmen halkynyò bagty çüwüpdir diýip hasaplaýaryn: siziò Prezidentiòiz öz missiýasyny üstünlikli ýerine ýetirýär we siziò döwletiòiz uly ýeòiºlere eýe bolar. Men muny size tüýs ýürekden arzuw edýärin. Biziò ýeòil bolmadyk döwrümizde biz postsowet giòiºliginde nämeleriò bolandygyny we nämeleriò bolup geçýändigini görýäris. Türkmenbaºynyò esasyny goýan syýasatyò netijesinde Türkmenistan öz ösüºiniò durnukly bolmagyny saklap galdy. Häzirki Prezident bu gün ýurdy siwilizlenen dünýä barha açyp, ony üstünlikleriò ýoluna ugrukdyrdy. Biz ähli tatarystanlylaryò adyndan doganlyk halka rowaçlyk arzuw edýäris! |
|