Resmi habarlar: Türkmenistanyò Aragatnaºyk ministrligi Internet ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaºdyrmak we giòeltmek üçin enjamlar satyn alar
awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 8 Garaºsyzlyk 2007
Türkmenistanda Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebaplaºdyrmak we giòeltmek maksady bilen, Türkmenistanyò Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyò Aragatnaºyk ministrligine Internet ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaºdyrmak we giòeltmek taslamasy üçin geçirilen halkara bäsleºiginiò jemlerine laýyklykda enjamlary satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyò «TehnoSerw AS» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen umumy bahasy 1 585 337 amerikan dollary bolan ºertnamany öz seriºdeleriniò hasabyna baglaºmaga ygtyýar berildi
Resmi habarlar: Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählihalk matam gününe bagyºlanan ýas çäresine gatnaºdy
awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 8 Garaºsyzlyk 2007
Türkmenistanda gussaly sene—1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aºgabat ýertitremesiniò pidalarynyò Ählihalk matam güni bellenilýär. Türkmen halkynyò taryhynda gussaly wakalaryò biriniò bolup geçeli bäri 59 ýyl geçdi, ºol waka baradaky ýatlama her bir türkmenistanlynyò ýüregini henize bu güne çenli hem gam-gussa batyrýar. 1948-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 5-inden 6-syna geçilýän gije 1 sagat 12 minutda tebigy betbagtçylygyò ägirt uly güýji bir pursatda owadan we gülläp ösýän ºäheri hem-de onuò töwereklerini büs-bütinleýin weýran etdi, biziò watandaºlarymyzyò 176 müòüsiniò ömür tanapyny kesip, her bir maºgala diýen ýaly ýetimçiligiò we öwezini dolup bolmajak ýitginiò gam-gussasyny getirdi. Onlarça ýyl geçenden soò, Garaºsyzlyk ýyllarynda bütin dünýä bu heläkçiligiò hakyky möçberleri hakyndaky hakykaty bildi, halkymyz bolsa milli däplere görä, öz dogan-garyndaºlarynyò we ýakynlarynyò ýadygärligini hatyralap, bu gussaly senäni Ählihalk matam güni hökmünde bellemäge mümkinçilik aldy
Resmi habarlar: Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò mejlisi
awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 8 Garaºsyzlyk 2007
Garaºsyzlyk aýynyò 6-syna irden Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò nobatdaky mejlisini geçirdi, onda gündelik döwlet syýasatynyò ilkinji nobatdaky meselelerine garaldy
Resmi habarlar: Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyò sammitine gatnaºdy
awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 8 Garaºsyzlyk 2007
Düýn Täjigistanyò paýtagtynda, günüò ikinji ýarymynda GDA döwletleriniò baºtutanlarynyò Geòeºiniò mejlisi boldy, oòa Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaºdy. Mälim bolºy ýaly, Türkmen döwletiniò baºtutany öňňin resmi sapar bilen Duºenbä geldi, sapar düýn üstünlikli tamamlandy
awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 6 Garaºsyzlyk 2007
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam etdi. Ozal habar berliºi ýaly, öòòin Duºenbede Hökümet rezidensiýasynda ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleºikleri geçirildi. Hakyky dostluk, birek-birege hormat goýmak, meselelere konstruktiw çemeleºmek ýagdaýynda geçirilen bu gepleºikler uly üstünlige eýe boldy. Gepleºikleriò jemleri boýunça döwletara resminamalarynyò birnäçesine, ºol sanda Dostluk we hyzmatdaºlyk hakynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyò arasyndaky ªertnama gol çekilmegi munuò aýdyò subutnamasydyr. ªertnama iki ýurduò liderleri gol çekdiler. ªeýlelikde, Türkmenistan we Täjigistan gadymdan gelýän dostluk, doganlyk we hoºniýetlilik däplerine wepaly bolup galýandyklaryny, uzak möhlete niýetlenen netijeli hyzmatdaºlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyºýandyklaryny aýdyò görkezdiler