mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

18.04.2024

total-veiw

1724

TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

18.04.2024

total-veiw

1796

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň Türki dünýäsiniň binagärler we inženerler bileleşigi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

18.04.2024

total-veiw

673

«Volat» hokkeý toparynyň wekili: «Aşgabadyň gözelligi gowy oýnamaga höwes döredýär»

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň ikinji güni hem gyzykly boldy. Şu gün «Volat» (Belarus Respublikasy) we «Team-Turkiye» (Türkiýe) hokkeý toparlary Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda duşuşdylar.

news-photo

18.04.2024

total-veiw

1612

Balkan welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini üstünlikli jemlediler

Berkarar Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk toplumy, onuň gaýtadan işleýän senagaty buýsançly ösüşleri başdan geçirýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Balkan welaýatynyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär.

news-photo

18.04.2024

total-veiw

1582

Köneürgenç etrabynda täze döwrebap oba gurulýar

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän täze häzirki zaman obasynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda gurulýan binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy.

news-photo

17.04.2024

total-veiw

3116

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.

news-photo

17.04.2024

total-veiw

1732

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

news-photo

17.04.2024

total-veiw

1809

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 3-nji tapgyryň netijeleri

Şu gün Aşgabatda dowam edýän halkara hokkeý ýaryşynda üçünji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Günüň ikinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly meýdançasynda «A» toparçada «Feniks» (Özbegistan) bilen «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) topary oýnady.

news-photo

17.04.2024

total-veiw

1803

Aşgabatda informatika boýunça II halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça II «OIOIUS-2024» Açyk halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy.

news-photo

17.04.2024

total-veiw

1536

Bahar – ussat ýerine ýetirijiler bilen konsert we duşuşyk möwsümi

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Bahar Nowruzy» konserti geçirildi. Konserti ajaýyp owazly skripkasy bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Hasan Mamedow açdy.

...2492