mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym

news-photo

21.03.2024

total-veiw

2353

Tehnologik merkezde ylmy açyşlary täjirçilige öwürmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi

20-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezinde «Ylmy täjirleşdirmegiň ýollary» atly ylmy maslahat geçirildi. Ylmyň gazananlaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ulanmagyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Tehnologiýa merkeziniň alymlary bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işgärleri-de gatnaşdy.

news-photo

20.03.2024

total-veiw

2332

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «CyberQuest» hakatonyň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

news-photo

20.03.2024

total-veiw

2794

Balkanly geofizikleriň şowly gadamlary üstünliklere beslenýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasy Günbatar sebitiň çäklerinde uglewodorod çig mal serişdeleriniň ýerasty gatlaklaryny ýüze çykarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek üçin zerur geologiýa-gözleg işlerini durmuşa geçirýärler.

news-photo

20.03.2024

total-veiw

1693

Türkmenistanda energiýa netijeliligini üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribe öwrenilýär

Türkmenistanda energiýa tygşytlylygy pudagynda halkara tejribesini öwrenmek üçin çäreler geçirildi.

news-photo

19.03.2024

total-veiw

2428

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýola goýlan III Halkara internet-olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.

news-photo

18.03.2024

total-veiw

2199

Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça olimpiada geçiriler

Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar.

news-photo

18.03.2024

total-veiw

2006

Ýurdumyzyň mugallymlary «Howa gutujygyny» ulanmak endiklerini ýokarlandyrdylar

Bilim edaralarynyň usulçylary, mugallymlary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri «Howa gutujygy» bilim maksatnamasyny ulanmak boýunça maslahata gatnaşdylar.

news-photo

17.03.2024

total-veiw

2111

Türkmenistanyň Ilçisiniň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.

news-photo

15.03.2024

total-veiw

2067

Baýnazar Nepesow – GDA-nyň iň gowy ýaş alymy

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hoş habar geldi – abraýly halkara ýaryşyna gatnaşan halkara gatnaşyklary fakultetiniň dördünji ýyl talyby Baýnazar Nepesow ýeňijileriň biri diýlip yglan edildi we GDA-da «Iň gowy ýaş alym –2023» döşe dakylýan medalyna mynasyp boldy.

news-photo

15.03.2024

total-veiw

1794

Türkmen talyplary halkara ylmy bäsleşiklerde ýokary sylaglara mynasyp bolýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýaş alymlaryň arasynda abraýly halkara bäsleşiklerine gatnaşmakda ajaýyp netijeleri görkezdiler. 

...137