24.04.2024
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömrüni we mirasyny bellemek üçin ajaýyp meýdança öwrülen küşt boýunça ýaryş gurady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň we Belarusiýanyň diplomatlary gatnaşdylar.