Berkarar Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk toplumy, onuň gaýtadan işleýän senagaty buýsançly ösüşleri başdan geçirýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Balkan welaýatynyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän täze häzirki zaman obasynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda gurulýan binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy.
«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Bahar Nowruzy» konserti geçirildi. Konserti ajaýyp owazly skripkasy bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Hasan Mamedow açdy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi.