25.05.2025
3436
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek üçin Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
25.05.2025
1977
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni we «Daewoo E&C» kompaniýasy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
«Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip, Koreýa Respublikasynyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Kim Bo Hen Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.
25.05.2025
4848
«Ak şäherim Aşgabat» sergisinde «Aýgül» atly robot we beýleki täzelikler
24-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan bu çäresi Aşgabat şäheriniň gününi bellemegiň öňüsyrasynda hakyky möhüm waka öwrüldi.
25.05.2025
4350
Mary şäherinde çagalar futbol festiwaly geçirildi
AFK-nyň amala aşyrýan köpçülikleýin futbol gününiň çäginde şu gün Mary şäherinde geçirilen çagalar futbol festiwalyna 250-den gowrak ýaş futbolçy gatnaşdy.
25.05.2025
3303
Hytaýyň innowasion tehnikasy Aşgabatda jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar
Aşgabat şäher häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnama baglaşdy.
25.05.2025
2330
BMG-niň senagat taýdan ösüş guramasy (UNIDO) Aşgabadyň ösüşine ýokary baha berýär
Türkmeniň paýtagtynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynda adam hakda alada, şäher ösüşine gönükdirilen çemeleşmede innowasiýalaryň ähmiýeti barada möhüm pikirler beýan edildi.
25.05.2025
3032
Aşgabat şäheriniň häkimi «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynda çykyş etdi
24-nji maýda paýtagtymyzyň häkimi Rahym Gandymow «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Ol çykyşynda ýurduň senagatlaşma maksatnamasynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň möhüm üstünlikleri bilen tanyşdyrdy, pagta süýümi, matalar, ýokary woltly elektrik paýlaýyş enjamlary, aýakgap we derman önümleri öndürmek ýaly dürli pudaklarda senagat önümçiliginiň netijeli ösüşini belledi.
25.05.2025
4181
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ajaýyp öwüşgin çaýýan hem-de bagtyýar ýaşlarymyzy süýji arzuwlara, ýakymly duýgulara besleýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilimler baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň uçurymlarymyzyň kalbynda eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe hem-de beýik geljegine buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
25.05.2025
3954
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylara
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.05.2025
2640
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.