23.05.2025
3824
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi
20-nji maýda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi.
23.05.2025
3047
«Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi
20-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
22.05.2025
3881
Arkadag şäheri: täzeçil çözgütler we geljekki ösüş mümkinçilikleri
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy amatly maýa goýum gurşawyny döretmegi, halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi, iri maýa goýumlary çekmegi hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.
22.05.2025
4062
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
22.05.2025
4171
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçisi N.Şagulýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk gurady. Çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem möhüm senä – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
22.05.2025
5163
2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky duşuşyklar barha gyzyşýar
2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň başlanany ýaňy bolsa-da, eýýäm onuň birinji tapgyrynda ähmiýeti boýunça ikinji topar kubogy ugrundaky bäsleşik başlandy.
22.05.2025
7770
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek konsertler we baýramçylyk çäreleri
Aşgabat şäheri özüniň 144 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Baýramçylyk çäreleriniň çäginde konsertler, sergiler, şeýle hem şäheriň ösüşine we onuň şäher gurluşygy, medeniýet we ykdysadyýet babatynda gazanan üstünliklerine hem-de geljegi uly meýilnamalara bagyşlanan konferensiýalardyr maslahatlar bolar.
22.05.2025
3311
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli halkara forum geçirildi
21-nji maýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
22.05.2025
4280
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabatda
21-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabada geldi.
22.05.2025
5447
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy.