21.05.2025
5037
Aşgabatda halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglandy
20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol bäsleşiklerde zehinli türkmen okuwçylary ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, dürli gymmatlykdaky medallary gazandylar.
21.05.2025
4565
Kamil Weliahmedow – reňk duýgusy üýtgeşik suratkeş
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň şahsy işleriniň sergisi açyldy.
21.05.2025
3444
Türkmenistanda pars dilini gorap saklamak gününe bagyşlanan çäre geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pars dilini gorap saklamak gününe we beýik pars şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.
21.05.2025
2727
Aşgabat – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty nobatdaky Aşgabat şäheriniň gününi ýylyň şygaryna mynasyp belleýär.
21.05.2025
4430
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Futbol kubogy başlandy
Türkmenistanyň Futbol kubogynyň 34-nji ýaryşy Arkadag şäherinde we Türkmenbaşyda geçen iki sany çärýek final oýny bilen başlandy.
20.05.2025
5528
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
20.05.2025
4256
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.
20.05.2025
5799
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylyk
Geçen hepdede Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi.
20.05.2025
6711
Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şäher gurluşygy babatda tejribe alyşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 21 — 23-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
20.05.2025
3910
Şu hepdede güneşli we şemally howa bolmagy garaşylýar
Türkmenistanda +40°C we ondan-da ýokary temperaturaly yssy howa dowam edýär. Käbir sebitlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy we güýçli şemal öwüsmegi mümkin.