22.04.2025
4960
ÝUNISEF-iň halkara bilermeni Türkmenistana geldi
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde halkara bilermeni Olena Starets ýurdumyza geldi.
22.04.2025
2738
Ýer we suw baýlyklaryny ulanmak boýunça toplumlaýyn meýilnamalary işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Bütindünýä ekologik gaznasynyň (BEG) goldawy bilen Daşoguz welaýatynda amaly maslahat geçirdi.
21.04.2025
3534
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
21.04.2025
3833
Türkmenistanyň Prezidenti Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosyna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
21.04.2025
4285
Türkmenistanda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Maksatnamanyň ýerine ýetirilişi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda Türkmenistanda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, şol sanda «ýaşyl» energetika geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
21.04.2025
5364
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
21.04.2025
5586
Türkmen kikboksçylary Taýlandda geçirilen dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar
Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy Bangkokda geçirilen “1st Thailand Kickboxing World Cup-2025” ýaryşynda 14 medala eýe boldular. Bu barada Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasy habar berildi.
21.04.2025
4535
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «ICT Start-up: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşigi bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady.
21.04.2025
3684
Türkmenistana tomus paslynyň howasy geldi
Şu hepdede Türkmenistanda tomus paslyna mahsus yssy howa bolar. Howanyň temperaturasy ortaça +39 gradusa çenli gyzar.
21.04.2025
4307
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky çempionatynda üçünji ýeňşini gazandy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary 7-nji tapgyrda «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda bassyr üçünji gezek ýeňiş gazandy.