06.03.2025
7096
2025-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen gepleşiklerdir maslahatlar, işewürlik duşuşyklarydyr syýasy geňeşmeler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.
06.03.2025
3099
Aşgabatda türkmenistanly we eýranly zenanlaryň dostlukly duşuşygy bolup geçdi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» at bilen duşuşyk gurady.
06.03.2025
4576
Täze ýaşaýyş jaýlary eýelerini garşylaýarlar
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy bolup geçdi. Çäräniň çäginde içki gurluşy gowulandyrylan üç sany köp öýli bina ulanylyşa berildi.
06.03.2025
6173
Türkmenistan pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda milli meýilnama düzýär
Dem alyş patogeninden döreýän pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýurt boýunça edarasy maslahat beriş we tehniki toparyny gurady.
06.03.2025
4812
Türkmenistanly hokkeýçiler Taýlandda geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynda GAR-yň toparyny utdylar
Türkmen hokkeýçileri Bangkokda (Tailand) geçirilýän «B» toparçanyň üçünji bölüminde 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny 18:7 hasabynda utup, ikinji ýeňşini gazandy.
06.03.2025
6968
TEIF 2025: Ählumumy hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we ösüş
Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025), iri halkara guramalarynyň we hökümetara gurluşlarynyň wekilleriniň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekýär.
06.03.2025
4474
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
06.03.2025
4186
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň IV möwsüminiň VI oýny geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň IV möwsüminiň VI saýlama oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.
05.03.2025
4562
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
05.03.2025
4759
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky hyzmatdaşlyga çagyrýar
Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parky derejesini bermegi tabşyrdy.