mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3857

Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3712

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalaryna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bolsa diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň hem buýsanjyny artdyrýar.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

4599

Paýtagtymyzda «Türkmen Bitaraplygy – halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili» atly maslahat geçirildi

26-njy fewralda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym-bilim işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3436

Türkmenistanda «Aýyň türgeni» taslamasy badalga aldy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy, «Mahabat» müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Aýyň türgeni» atly taslamanyň badalga alandygyny habar berdiler.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

4292

Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3410

Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

4165

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda “2025 - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3814

Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze derejesine çykýarlar

2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş sapary bilen boldy.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3141

Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

4461

Ýurdumyzyň teatr sahnalarynda «Ene» sözi belentden ýaňlanýar

Türkmenistanda geçirilýän «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň başyny welaýat teatr toparlary başlady. Soňra «Ene» temasyny beýan ediş başarnygyny görkezmek nobaty paýtagtymyzdaky teatrlara ýetdi. Şeýlelikde, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» pýesasy esasynda taýýarlan sahna oýnuny görkezdi.

...3291