19.02.2025
3208
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
19.02.2025
6399
Türkmenistanda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ähli şäher ýaşaýjylaryna howpsuz we ýokary hilli ýaşaýyş jaýyna elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
19.02.2025
6955
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde şu ýylyň mart aýynyň ortalaryna, has takygy 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT-2025 forumyny geçirmegi meýilleşdirýär.
19.02.2025
2751
Paýtagtymyzda geçiriljek howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna hasaba alyş açyldy
Şu ýylyň 13–15-nji maýy aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty (HÜMAM-2025) geçiriler.
19.02.2025
3563
Türkmenistanyň topary 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlaw ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy
Türkmenistanyň topary şu gün Isa-taunda (Bahreýn) geçýän Aziýa-Okeaniýa zolagynda 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň deslapky saýlaw ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy.
19.02.2025
2801
Türkmen telekeçileri Iordaniýada geçiriljek sergä çagyrylýar
Türkmenistanyň telekeçileri Iordaniýada geçiriljek 11-nji halkara oba hojalygy sergisine – Sawsana-2025-e gatnaşmaga çagyrylýar. Sergi Iordaniýanyň oba hojalyk ministriniň howandarlygynda 2025-nji ýylyň 29–31-nji maýy aralygynda geçiriler.
19.02.2025
4257
Dawid Aruşaýansyň eserleriniň sergisi guraldy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýaşap ýören bolsa häzir 75 ýaşy dolmaly Mary welaýatynda ýaşan zehinli suratkeşiň hatyrasyna şahsy sergi açyldy. Bu nakgaşyň ady Dawid Aruşaýans.
19.02.2025
3241
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy «Ferula» fotosurat klub agzalarynyň işlerinde
Fotosungat söýüjileriň «Ferula» klubunyň Türkmenistanda meşhurlyk gazananyna heniz köp wagt geçenok. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynda oňa 10 ýyl dolýar.
19.02.2025
4641
«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» mowzukly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
19.02.2025
2842
Seul şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi bilen Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti, Geňeşiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew bilen Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti, Geňeşiniň Başlygy, BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk geçirildi.