Turkmenistan RSS Feed

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 26-njy dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň nyşany hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm seneler, halkara gatnaşyklarda ýetilen sepgitler bilen bagly ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we onuň nyşanynyň kabul edilýändigini nygtap, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýar. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Gözelligiň, kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.

Geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmek, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek we olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýylyň başyndan bäri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem dürli çäreler, forumlar, maslahatlar, brifingler we sergiler yzygiderli geçirilýär.

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda geçirilen hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Saud Arabystanynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Fuad bin Fahad Ibragim bilen geçiren duşuşygynda bu federasiýanyň alyp barýan işi, atçylyk sporty ulgamynda milli we halkara derejede geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Ilçi ýurdumyzda 2026-njy ýylyň şygaryna ünsi çekip, Watanymyzda atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, ahalteke atlarynyň baş sanynyň we olaryň dünýädäki şöhratynyň artdyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystanynyň Atçylyk sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda nygtalyşy ýaly, ýylyň şygarynyň many-mazmuny türkmen halkynyň taryhy köklerine ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç hem ýurduň halkara hukugyň ýörelgelerine, onuň hökmürowanlygyna ygrarlydygynyň beýanydyr. Şeýle-de maslahatda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary, nebitgaz, himiýa senagatyna, oba hojalyk toplumyna, ulag-logistika ulgamlaryna, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň kitabynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň kemala gelmeginiň möhüm tapgyrlarynyň beýan edilýändigini nygtadylar.

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky we Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanalarynda ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Fewral aýynyň başynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre guraldy. Ýygnananlara milli aýdym-saz we tans sungatymyzyň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän döredijilik çykyşlary görkezildi. Talyplar Türkmenistan Watanymyza we behişdi bedewlere bagyşlanan goşgulary labyzly okadylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi türkmen amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda ýylyň şygary we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň diňe bir şanly sene däl, eýsem, geçilen ýola, gazanylan üstünliklere hem-de ýurdumyzyň nurana geljegi üçin möhüm maksatlara ser salmagyň wajyp tapgyry bolup durýandygy bellenildi. Çärä gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazananlary, Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösüşi, innowasiýalara tarap ynamly ädimleri, medeni mirasynyň goralyp saklanylyşy, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyşy barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde milli aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu ýerde fotosuratlaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

5-nji fewralda Stambul şäherindäki Medipol uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp geçirilen dabarada ýurdumyzyň döwlet berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, onuň halkara abraýyny artdyrmakda şu ýylyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ganatly bedewleriň özboluşly keşbi Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, nurana geljege tarap ynamly gadamlarynyň, öňde goýlan belent wezipeleriň aýdyň şöhlelenmesidir.

Şu ýylyň şygaryna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen çärede halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde we ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny depginli ösdürmekde geçen döwürde gazanylan üstünlikler baradaky maglumatlar beýan edildi.

9-njy fewralda Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsulynyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen geçiren duşuşygynda taraplar hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

13-nji fewralda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp geçirilen çäräniň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň şygary hem-de Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Onuň çäklerinde surat we kitap sergisi guraldy.

13-nji fewralda Almaty şäherindäki Abylaý han adyndaky Gazak halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde şu ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Ol milli aýdym-sazlar we tanslar, şol sanda “Küştdepdi” tansy bilen utgaşdy.

16 — 18-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde Türkmenistanyň kino günlerini gurady. Onuň çäklerinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna hem-de Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. 17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde “Kompozitor” atly türkmen çeper filminiň görkezilişi, türkmen kino ussatlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda ýylyň şygary hem-de Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli geçirilen çäre döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmak üçin amatly mümkinçilik boldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanyp, dostlukly ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

19-njy fewralda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynda bu ýurduň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň we Milli ylymlar akademiýasynyň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen “tegelek stol” duşuşygynda şu ýylyň şygarynyň many-mazmuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet berkararlygynyň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde türkmen bedewiniň aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan umumy sapak geçirildi. Onda nygtalyşy ýaly, ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasynyň ajaýyp nusgasydyr. Çärede hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyna aýratyn üns berildi. Onda durnukly ösüşi we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde türkmen Bitaraplygynyň taryhy filosofiýasy beýan edilýär. Çäräniň ahyrynda Gyrgyzystanda surata düşürilen “Magtymguly dünýäniň hakydasynda” atly dokumental film görkezildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda ýylyň şygaryna we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Çykyş edenler ahalteke bedewiniň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki depginli ösüşiniň aýdyň nyşany bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Bitaraplygymyzyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebit, ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän ornuny açyp görkezýän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň çäklerinde ilçihananyň binasynda döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny özünde jemleýän özboluşly sergi guraldy.

Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Turkic World» atly halkara habarlar portaly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini, onuň hemişelik Bitaraplyga üýtgewsiz ygrarlydygyny, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny şöhlelendirmek maksady bilen, medeni, ylmy, jemgyýetçilik-syýasy çäreler baradaky maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirer. Portalda ýerleşdiriljek habarlar maglumatlar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türki dünýäniň çäginde gatnaşyklary ösdürmäge, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlary, hemişelik Bitaraplyk syýasaty, ählumumy ösüşe goşýan goşandy barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmaga ýardam eder.

Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary tarapyndan daşary döwletlerde ýaýbaňlandyrylan çäreler Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän şanly ýylyň taryhy ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

«Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов»
Ключевыми векторами политики Президента Сердара Бердымухамедова выступают упрочение священной независимости и государственности Отчизны, её правовых основ, комплексное укрепление экономической мощи страны и последовательное улучшение благосостояния и социально-бытовых условий жизни народа. Под руководством главы государства проводится большая работа, нацеленная на активизацию внешней политики Туркменистана, дальнейшее повышение его авторитета на международной арене.

Свидетельство тому – реализованные на протяжении многих лет благородные начинания, заложенные Героем-Аркадагом и успешно продолжаемые Президентом Сердаром Бердымухамедовым, что является практическим воплощением в жизнь национального принципа преемственности, характерного менталитету туркменского народа.

Следуя мудрым наставлениям Героя-Аркадага о том, что нынешний Год лошади является символичным для туркменского народа, который на протяжении многовековой истории отводил большую роль ахалтекинским скакунам, а также в целях прославления достижений во все сферах суверенной Отчизны, под руководством Аркадаглы Героя Сердара уверенно следующей со стремительностью скакуна к вершинам прогресса, и на основе предложений, поступивших от представителей народа, крупных общественных организаций страны, трудовых коллективов и граждан, на прошедшем 26 декабря 2025 года расширенном заседании Кабинета Министров и Государственного совета безопасности было принято Постановление Меджлиса об объявлении 2026 года годом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» и представлена эмблема года.

В данной связи глава государства подчеркнул, что в ознаменование важных событий, связанных с историей нашей страны, её развитием, достижениями в международных отношениях, провозглашается девиз и утверждается эмблема каждого нового года с тем, чтобы именовать его по-современному. Одобрив их, Президент Сердар Бердымухамедов утвердил девиз 2026 года «Независимый, нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов».

В поздравительном послании к Президенту Туркменистана по случаю объявления девиза 2026 года Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Герой-Аркадаг Гурбангулы Бердымухамедов отметил, что глава государства с огромным уважением и почитанием относится к ахалтекинским скакунам, которые занимают важное место в жизни нашего народа, являются его гордостью и крыльями, вызывая восхищение в мире своей природной красотой. Включение номинации «Искусство ахалтекинского коневодства и традиции украшения коней» в Репрезентативный список нематериального культурного наследия человечества ЮНЕСКО как одного из ценных образцов туркменского искусства приумножило всемирную славу «небесных» коней, признанных феноменом национальной и мировой культуры. Ахалтекинский скакун, воплощение красоты и совершенства, стал главным символом стремительного прогресса Туркменистана в новую историческую эпоху.

На расширенном заседании Кабинета Министров, состоявшемся 13 февраля 2026 года, на котором были подведены итоги работ, выполненных в 2025 году, глава государства поручил вице-премьеру, министру иностранных дел и далее укреплять плодотворные отношения с зарубежными странами в политико-дипломатической, торгово-экономической, культурно-гуманитарной и научно-образовательной сферах, должным образом подготовиться к намеченным в течение года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» международным мероприятиям по случаю 35-летия ­независимости Туркменистана, а также в связи с председательством нашей страны в Содружестве Независимых Государств и обеспечить высокий уровень их проведения.

Руководствуясь поручением Президента Сердара Бердымухамедова, с начала 2026 года различные встречи, форумы, конференции, семинары, брифинги, выставки проходят не только в нашей стране, но и за рубежом.

Состоявшаяся 7 января в Посольстве Туркменистана в Румынии презентация новой книги Президента Сердара Бердымухамедова «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» («Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия») отразила ключевые направления внешнеполитического курса нашей Отчизны, основанного на принципах постоянного нейтралитета.

В ходе прошедшей 22 января встречи Чрезвычайного и Полномочного Посла Туркменистана в Королевстве Саудовская Аравия с Исполнительным директором Федерации конного спорта Саудовской Аравии Фуадом бин Фахад Ибрагимом сообщалось о работе Федерации и проводимых мероприятиях на национальном и международном уровне в области конного спорта. Проинформировав о провозглашении девиза 2026 года, посол нашей страны отметил, что в Туркменском государстве большое внимание уделяется развитию коневодства, увеличению численности ахалтекинских скакунов и приумножению их славы в мире. В данном контексте были обсуждены вопросы налаживания сотрудничества с Федерацией конного спорта Саудовской Аравии.

В тот же день Посольством Туркменистана в Турецкой Республике в Торгово-промышленной палате в городе Анкара была организована конференция, посвящённая девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», а также дальнейшему развитию торгово-экономических связей между двумя странами.

Как подчёркивалось, выбор девиза года обусловлен не только исторической верностью туркменского народа своим корням. Туркменистан последовательно выдвигает значимые международные инициативы, направленные на укреп­ление мира, доверия и устойчивого развития на глобальной арене. Как отмечалось, инициатива Туркменистана о провозглашении 2028 года «Международным годом права» отражает его приверженность принципам международного права и верховенства закона. Особое внимание уделено подготовке к празднованию 35-й годовщины ­независимости Отчизны.

Участники мероприятия обменялись мнениями по перспективным направлениям туркмено-турецкого торгово-экономического сотрудничества, вопросам привлечения взаимных инвестиций в нефтегазохимическую отрасль, агропромышленный комплекс, транспорт и логистику, телекоммуникационные и информационные технологии.

23 января в Консульстве нашей страны в Российской Федерации (город Астрахань) прошли конференция, посвящённая девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», и презентация книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия».

Мероприятие было организовано с целью широкой популяризации в мире национального достояния – ахалтекинских скакунов. Выступившие на презентации отметили, что книга главы Туркменского государства освещает важные этапы формирования нейтралитета и значимость нейтрального правового статуса страны, трижды признанного соответствующими резолюциями Генеральной Ассамблеи ООН.

28 января в Посольствах Туркменистана в Кыргызской Республике и Китайской Народной Республике состоялись мероприятия по случаю объявления девиза года в нашей стране. Также были организованы презентации книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия», приуроченной к 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана.

В начале февраля в Астраханском государственном университете имени В.Н.Татищева прошло торжество, посвящённое девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». Собравшимся были представлены творческие выступления, демонстрирующие богатство национального музыкального и танцевального искусства. Студенты декламировали произведения, прославляющие Родину и «небесных» коней, а размещённая здесь тематическая экспозиция позволила ознакомиться с образцами туркменского декоративно-прикладного искусства.

4 февраля в Посольстве Туркменистана в Украине состоялись мероприятия, посвящённые девизу 2026 года, годовщине независимости нашей Родины, а также выходу в свет новой книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия». Посол в своём выступлении подчеркнул, что 35-летие суверенитета Туркменского государства является не только юбилейной датой, но и важным этапом осмысления пройденного пути, достигнутых результатов и стратегических целей будущего развития страны. Кроме того, отмечалось, что празднование юбилея независимости в контексте девиза 2026 года подчёркивает гармоничное сочетание исторических традиций и современных устремлений Туркменистана, а образ ахалтекинских скакунов служит ярким символом уверенного продвижения Отчизны вперёд, к новым высотам процветания и прогресса.

Участникам мероприятия был продемонстрирован видеоролик о достижениях Туркменистана в ключевых сферах, его последовательном развитии на основе принципов нейтралитета, о стремлении к инновациям, сохранению и приумножению культурного наследия. Кроме того, прозвучали национальные мелодии в исполнении дутаристов, была развёрнута выставка фоторабот.

На прошедшем 5 февраля в Стамбульском университете Медипол торжестве по случаю девиза 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» была подчёркнута его значимость для дальнейшего укрепления суверенитета страны и повышения её международного авторитета. Глубокий символизм образа «крылатых» скакунов олицетворяет ускоренное развитие Отчизны, её высокие цели и устремлённость в будущее.

Приуроченное к объявлению девиза нынешнего года и 35-летию независимости Туркменского государства мероприятие, состоявшееся 6 февраля в Посольстве Туркменистана в Республике Индия, ещё раз продемонстрировало достигнутые за годы независимости успехи в обеспечении счастливой жизни народа, впечатляющий подъём всех сфер экономики.

В ходе прошедшей 9 февраля встречи Генерального консула Туркменистана в Афганистане с губернатором провинции Балх Афганистана Мохаммадом Юсуфом Вафа стороны обсудили вопросы дальнейшего развития сотрудничества в различных направлениях, а также мероприятия, намеченные к проведению в течение года, посвящённые девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» и по случаю 35-летия независимости Отчизны.

13 февраля в Посольстве Туркменистана в Республике Узбекистан состоялось мероприятие, посвящённое девизу года, в рамках которого прошла презентация книги Президента Туркменистана «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия».

В тот же день в Посольстве Туркменистана в Республике Таджикистан по случаю девиза 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» и 35-летия независимости Туркменистана прошло торжество, в его рамках были организованы фотовыставка, книжная экспозиция и дегустация блюд туркменской кухни.

13 февраля в Казахском университете международных отношений и мировых языков имени Абылай хана в городе Алматы проведено мероприятие, посвящённое девизу года в нашей стране, которое сопровождалось исполнением национальной музыки, песен и танцев, в том числе куштдепди, ярко отразивших многообразие и уникальность культурного наследия туркменского народа.

Посольством Туркменистана в Турецкой Республике совместно с ТЮРКСОЙ 16–18 февраля в городе Анкара были организованы Дни туркменского кино, в рамках которых проведена конференция, посвящённая девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», а также 100-летию объединения «Türkmenfilm» имени Огузхана. 17 февраля в Культурном центре имени Яшара Кемаля состоялись показ и торжественная церемония награждения туркменского художественного фильма «Композитор».

17 февраля в здании Посольства Туркменистана в Румынии прошло мероприятие с участием туркменских студентов и граждан нашей страны, проживающих в Румынии, предоставившее возможность для ознакомления с приоритетами внешнеполитического курса Отчизны в контексте символики 2026 года и профессионального праздника дипломатических работников.

В тот же день в Посольстве Туркменистана в Грузии проведён брифинг для представителей средств массовой информации дружественной страны, посвящённый девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов».

В состоявшемся 19 февраля в Посольстве Туркменистана в Азербай­джанской Республике «круглом столе» с участием депутатов Милли Меджлиса Азербайджанской Республики и представителя Национальной академии наук Азербайджана были обсуждены вопросы, касающиеся объявления девиза этого года. В данной связи подчёркивалась особая роль туркменского коня как символа государственности, преемственности традиций и духовных ценностей.

20 февраля Посольством Туркменистана в Кыргызской Республике была проведена лекция в Кыргызском национальном университете имени Ж.Баласагына по случаю провозглашения девиза 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», ознаменованного 35-летием ­независимости Туркменистана. Как подчёркивалось, ахалтекинские скакуны – национальная гордость туркменского народа, бесценное историко-культурное наследие и один из ярких символов страны. Особое внимание было уделено книге Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия», в которой раскрывается философия туркменского нейтралитета как важнейшего фактора обеспечения устойчивого мира и доверия. В завершение мероприятия состоялся показ документального фильма «Махтумкули в памяти мира», снятого в Кыргызской Республике.

В тот же день в Посольстве Туркменистана в Российской Федерации проведено торжественное мероприятие, посвящённое девизу года и 35-й годовщине независимости Туркменистана. Выступившие отметили, что образ целеустремлённого скакуна отражает темп развития нашей страны в современную эпоху.

Также прошла презентация новой книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия», которая раскрывает правовые и политические основы нейтралитета, его роль в обеспечении региональной и глобальной стабильности. В рамках мероприятия в здании Посольства была организована тематическая выставка. Экспозиция включила книги главы государства и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова.

Следует отметить, что по случаю объявления 2026 года в стране годом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» международный новостной интернет-портал «Turkic World» при содействии Посольства Туркменистана в Турецкой Респуб­лике будет осуществлять широкое и системное информационное освещение инициатив, культурных, научных и общественно-политических мероприятий, призванных подчеркнуть историческую значимость независимости Туркменского государства, его статуса постоянного нейтралитета, а также богатого духовного и культурного наследия народа.

Материалы на портале призваны способствовать укреплению международного информационного сотрудничества, развитию диалога в рамках тюркского мира и повышению осведомлённости мировой общественности о современных достижениях Туркменистана, его политике постоянного нейтралитета и вкладе в региональное и глобальное развитие.

Таким образом, мероприятия, развёрнутые дипломатическими представительствами нашей страны за рубежом в первые два месяца славного года «Неза­висимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», ознаменованного 35-летием независимости родной Отчизны, полностью раскрыли его историческую важность.

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Portugaliýanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Президент Туркменистана поздравил Президента Португальской Республики
Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил искренние поздравления г-ну Антониу Жозе Сегуру по случаю вступления в должность Президента Португальской Республики.

Пользуясь этой возможностью, глава государства адресовал Президенту Антониу Жозе Сегуру пожелания крепкого здоровья, счастья и успехов в деятельности во имя дальнейшего прогресса и процветания Португалии.

Meeting between the Consul General of Turkmenistan with the Governor of Istanbul
On March 11, 2026, a meeting was held between Ovezgeldi Jumanazarov, Consul General of Turkmenistan to the Republic of Türkiye, and Davut Gül, Governor of Istanbul, at the Istanbul Governorate building. About this reports MFA of Turkmenistan.

During the meeting, it was noted that cooperation between Turkmenistan and the Republic of Türkiye is consistently developing in the trade and economic, cultural, scientific and educational, healthcare, and sports spheres.

The sides emphasized the importance of further strengthening bilateral interaction based on the principles of friendship, mutual respect and mutually beneficial partnership.

The parties also exchanged views on preparations for events dedicated to the 35th anniversary of the independence of Turkmenistan, as well as activities organized within the framework of the 2026 motto: “Independent, permanently neutral Turkmenistan – homeland of purposeful heavenly horses”.

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö.Jumanazarowyň Stambulyň häkimi Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Taraplar dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Встреча Генерального консула Туркменистана с Губернатором Стамбула
11 марта 2026 года в здании губернаторства Стамбула состоялась встреча Генерального консула Туркменистана в Турецкой Республике Овезгелди Джуманазарова с Губернатором Стамбула Давудом Гюлем. Об этом сообщает МИД Туркменистана.

В ходе встречи было отмечено, что между Туркменистаном и Турецкой Республикой последовательно развивается сотрудничество в торгово-экономической, культурной, научно-образовательной, медицинской и спортивной сферах.

Стороны подчеркнули важность дальнейшего укрепления двустороннего взаимодействия, основанного на принципах дружбы, взаимного уважения и взаимовыгодного партнёрства.

Также состоялся обмен мнениями по вопросам подготовки мероприятий, посвящённых 35-летию независимости Туркменистана, а также проводимых в рамках девиза 2026 года — «Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов».

Студенты туркменского вуза впервые проходят стажировку в итальянском Университете Габриэле д’Аннунцио
Ыхлас Комеков и Солтанмурат Таиров, студенты Международного университета гуманитарных наук и развития проходят стажировку в итальянском Университете Габриэле д’Аннунцио в городах Кьети и Пескара (Università degli Studi "G. d'Annunzio" Chieti - Pescara).

Обучение рассчитано на пять месяцев и организовано в рамках программы Европейского Союза Erasmus+.

Учебный визит является первым опытом студенческого обмена между туркменским и итальянским университетами, а также имеет особое значение в развитии образовательных и культурных отношений между двумя вузами и странами.

В настоящее время на базе Университета Габриэле д’Аннунцио - одного из престижных высших учебных заведений Италии наши студенты совершенствуют знания и подготовку по своим специальностям.

В частности, программа предоставляет студентам широкие возможности для углубления знаний и получения практического опыта в области международной политики и дипломатии, развития навыков владения иностранными языками. Участники подробно знакомятся с европейскими образовательными стандартами, налаживают культурные и научные связи со своими сверстниками из разных стран мира, что во многом способствует развитию межкультурной коммуникации, гуманитарного диалога, укреплению взаимопонимания и дружбы между народами.

Участие туркменских студентов в международном проекте является ярким свидетельством того огромного внимания, которое уделяется в нашей стране образованию и всестороннему развитию молодежи, подготовке высококвалифицированных специалистов, созданию необходимых условий для плодотворной и успешной учебы, научной деятельности, обогащения опыта и знаний в ведущих учебных заведениях мира.

Türkmenistanly talyplar Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersitetinde ilkinji gezek tejribelik geçýärler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow Italiýanyň Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersitetinde tejribelik geçýärler.

Bäş aýa niýetlenen tejribelik okuw Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Bu okuw sapary türkmen we italýan uniwersitetleriniň arasyndaky talyp alyş-çalşygynyň ilkinji tejribesi bolup, ol iki ýokary okuw mekdebiň, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda talyplarymyz Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersitetiniň binýadynda öz hünärleri boýunça bilimlerini we taýýarlyklaryny kämilleşdirýärler.

Hususan-da, maksatnama talyplara halkara syýasaty we diplomatiýa ulgamynda bilimlerini çuňlaşdyrmaga, amaly tejribe toplamaga hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmek başarnyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gatnaşyjylar Ýewropanyň bilim standartlary bilen ýakyndan tanyşýarlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen medeni we ylmy aragatnaşyklary ýola goýýarlar. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryň, ynsanperwer gepleşigiň ösmegine, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň pugtalanmagyna uly ýardam edýär.

Türkmen talyplarynyň halkara taslamasyna gatnaşmagy ýurdumyzda bilime we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň netijeli okamaklary, ylmy iş bilen meşgullanmaklary hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde tejribe we bilimlerini baýlaşdyrmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.

Students from a Turkmen university are completing their first internship at the Italian University Gabriele d'Annunzio
Yhlas Komekov and Soltanmyrat Tairov, students of the International University of humanities and development, are completing an internship at the Italian University of Gabriele d'Annunzio in the cities of Chieti and Pescara (Università degli Studi «G. d'Annunzio» Chieti - Pescara).

The training is designed for five months and is organised within the framework of Erasmus+ programme of the European Union.

The study visit is the first student exchange experience between Turkmen and Italian universities, and is of particular importance in the development of educational and cultural relations between the two universities and countries.

Currently, at the Gabriele d'Annunzio University, one of the most prestigious higher education institutions of Italy, our students are improving their knowledge and training in their fields.

In particular, the program provides students with extensive opportunities to deepen their knowledge and gain practical experience in the field of international politics and diplomacy, and develop their foreign language skills. Participants gain a thorough understanding of European educational standards and establish cultural and academic connections with their peers from around the world, which significantly contributes to the development of intercultural communication, humanitarian dialogue, and the strengthening of mutual understanding and friendship between peoples.

The participation of Turkmen students in this international project is a clear indication of the enormous attention our country places on the education and comprehensive development of young people, the training of highly qualified specialists, and the creation of the necessary conditions for fruitful and successful study, scientific research, and the enrichment of experience and knowledge at the leading educational institutions of the world.

Представители Туркменистана приняли участие в региональном форуме Creative Central Asia 2026
С 28 февраля по 2 марта в Ташкенте прошел региональный форум Creative Central Asia 2026, объединивший экспертов из стран Центральной Азии и Великобритании. Основной целью мероприятия стало развитие креативных индустрий как стратегического инструмента для роста городов и укрепления человеческого капитала.

Программа форума была сфокусирована на междисциплинарности и внедрении инноваций. Участники обсудили роль искусственного интеллекта, механизмы привлечения инвестиций и формирование новой городской инфраструктуры. Также внимание было уделено образованию, экономике ценностей и навыкам будущего. В рамках форума состоялись панельные дискуссии, презентация результатов хакатона «Рейтинг городов» и профессиональные сессии для расширения деловых контактов.

Туркменистан на форуме представила делегация молодых специалистов, активно участвующих в развитии технологической и творческой среды страны. В состав делегации вошел Василий Андронов, основатель научного театра для детей Jam Creative. Ранее он стал призером двенадцатого потока бизнес-инкубации StartUp Academy, организованной в партнерстве с Международным технологическим парком Академии наук Туркменистана.

По словам Василия Андронова, поездка позволила детально изучить опыт соседних государств и подтвердила, что Туркменистан сегодня выступает полноценным и инициативным участником региональных процессов.

Напомним, что весной прошлого года в Ашхабаде также прошел Международный форум «Креативная и инновационная экономика Туркменистана», что свидетельствует о последовательном развитии данного сектора. Форум наглядно продемонстрировал, что в нашей стране сосредоточено огромное количество креативных и талантливых людей, готовых предлагать и реализовывать уникальные идеи в самых разных областях – от IT и дизайна до искусства и архитектуры.

Креативная экономика сегодня становится площадкой для тех, кто готов монетизировать свои интеллектуальные способности и таланты. Это сектор, где инновации встречаются с культурным наследием, создавая новые возможности для профессиональной самореализации молодежи и формирования современного облика городов.

Инициатива Creative Central Asia, запущенная British Council (Британский Совет) в 2017 году, продолжает оставаться ключевой платформой для диалога. Она помогает выстраивать мосты между представителями креативных индустрий региона и международными экспертами, способствуя интеграции туркменских специалистов в глобальное творческое сообщество.

Representatives of Turkmenistan took part in the regional forum Creative Central Asia 2026
From February 28 to March 2, the regional forum Creative Central Asia 2026 was held in Tashkent, bringing together experts from the countries of Central Asia and the United Kingdom. The main goal of the event was to develop creative industries as a strategic tool for urban growth and the strengthening of human capital.

The forum’s program focused on interdisciplinarity and the implementation of innovations. Participants discussed the role of artificial intelligence, mechanisms for attracting investment, and the creation of new urban infrastructure. Attention was also given to education, the value-based economy, and future skills. The forum included panel discussions, the presentation of the results of the “City Ranking” hackathon, and professional sessions aimed at expanding business connections.

Turkmenistan was represented at the forum by a delegation of young professionals actively involved in developing the country’s technological and creative environment. The delegation included Vasily Andronov, the founder of the children’s science theater Jam Creative. Earlier, he became a prize winner of the twelfth cohort of the StartUp Academy business incubation program, organized in partnership with the International Technology Park of the Academy of Sciences of Turkmenistan.

According to Vasily Andronov, the trip made it possible to study the experience of neighboring countries in detail and confirmed that Turkmenistan today acts as a full-fledged and proactive participant in regional processes.

It should be recalled that last spring, the international forum Creative and Innovative Economy of Turkmenistan Forum was also held in Ashgabat, demonstrating the consistent development of this sector. The forum clearly showed that our country has a large number of creative and talented people ready to propose and implement unique ideas in various fields—from IT and design to art and architecture.

Today, the creative economy is becoming a platform for those who are ready to monetize their intellectual abilities and talents. It is a sector where innovation meets cultural heritage, creating new opportunities for the professional self-realization of young people and for shaping the modern image of cities.

The initiative Creative Central Asia, launched by the British Council in 2017, continues to serve as a key platform for dialogue. It helps build bridges between representatives of the region’s creative industries and international experts, promoting the integration of Turkmen specialists into the global creative community.

Türkmenistanyň wekilleri «Creative Central Asia 2026» sebit forumyna gatnaşdylar
28-nji fewral – 2-nji mart aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Beýik Britaniýadan bolan hünärmenleri birleşdiren «Creative Central Asia 2026» sebit forumy geçirildi. Çäräniň esasy maksady şäherleri ösdürmegiň we adam maýasyny berkitmegiň strategik guraly hökmünde döredijilik pudaklary ilerletmekden ybarat boldy.

Forumyň maksatnamasy dersara hyzmatdaşlyga we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň tutýan ornuny, maýa goýumlaryny çekmegiň gurallaryny we täze şäher düzümini kemala getirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilime, gymmatlyklar ykdysadyýetine we geljegiň başarnyklaryna aýratyn üns berildi. Forumyň çäklerinde panel ara alyp maslahatlaşmalar, «Şäherleriň reýtingi» atly hakatonyň netijeleriniň tanyşdyrylyşy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin hünär sessiýalary guraldy.

Forumda Türkmenistana ýurdumyzyň tehnologik we döredijilik ulgamyny ösdürmäge işjeň gatnaşýan ýaş hünärmenler wekilçilik etdi. Wekiliýetiň düzüminde çagalar üçin «Jam Creative» ylmy teatrynyň esaslandyryjysy Wasiliý Andronow hem bar. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlykda guralan «StartUp Academy» işewürlik-inkubasiýasynyň on ikinji tapgyrynyň baýrakçysy bolupdy.

Wasiliý Andronowyň aýtmagyna görä, bu sapar goňşy döwletleriň tejribesini jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi we Türkmenistanyň şu günki günde sebitdäki işlere doly hukukly we başlangyçly gatnaşyjy hökmünde çykyş edýändigini tassyklady.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň ýazynda Aşgabatda hem «Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti» atly halkara forum geçirildi. Bu bolsa bu ulgamyň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şol forum biziň ýurdumyzda IT we dizaýndan başlap, sungat hem-de binagärlige çenli dürli ugurlarda özboluşly pikirleri teklip etmäge we durmuşa geçirmäge ukyply köp sanly döredijilikli we zehinli adamlaryň bardygyny aýdyň görkezdi.

Şu günki günde döredijilikli ykdysadyýet öz intellektual ukyplaryny we zehinlerini maddy gymmatlyga öwürýänler üçin meýdança öwrülýär. Bu ulgamda innowasiýalar medeni miras bilen utgaşyp, ýaşlaryň hünär taýdan özüni kämilleşdirmegi we şäherleriň döwrebap keşbini kemala getirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

2017-nji ýylda «British Council» (Britaniýa Geňeşi) tarapyndan badalga berlen «Creative Central Asia» başlangyjy gepleşikler üçin esasy meýdança bolmagynda galýar. Ol sebitiň döredijilik pudaklarynyň wekilleri bilen halkara bilermenleriniň arasynda köprüleri gurmaga ýardam edip, türkmen hünärmenleriniň dünýä döredijilik jemgyýetine goşulyşmagyna ýardam edýär.

An interactive dialogue titled “The Role of Women Diplomats in Society and Their Achievements”
On 10 March 2026, an interactive dialogue titled “The Role of Women Diplomats in Society and Their Achievements” was held at the Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan as part of the second regional training for young diplomats and civil servants from Central Asian countries. About this reports MFA of Turkmenistan.

The event was organized jointly with the United Nations Resident Coordinator’s Office in Turkmenistan. It brought together women working in diplomatic missions of foreign states and international organizations accredited in Turkmenistan, representatives of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan, faculty members of the Institute, and female students.

During the dialogue, speeches were delivered by Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Myahri Byashimova, Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the State of Palestine to Turkmenistan Rana Abu Hijleh, Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Islamic Republic of Pakistan to Turkmenistan Faryal Leghari, Resident Representative of the United Nations Development Programme in Turkmenistan Narine Saakyan, and Executive Secretary of the National Commission of Turkmenistan for UNESCO Chynar Rustemova.

The speakers highlighted the importance of Turkmenistan’s policy of permanent neutrality, which serves as an example of promoting peaceful initiatives and establishing trust-based dialogue in international relations. It was noted that the principle “Dialogue is a Guarantee of Peace,” implemented on the basis of neutrality, contributes to strengthening the role of women in diplomacy and supports their initiatives aimed at ensuring peace in the region.

Participants also emphasized that the professional achievements of women in public administration and international cooperation directly contribute to the sustainable development of peace.

The seminar, held within the framework of the second regional training for young diplomats and civil servants from Central Asia, became an effective platform for enriching the professional experience of young specialists and once again demonstrated the important role of women in the peace-building diplomacy of neutral Turkmenistan.

«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip, bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekde we halkara gatnaşyklarynda ynamdar dialogy ýola goýmakda nusgalykdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda alnyp barylýan «Dialog ― parahatçylygyň kepili» diýen ýörelge zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny has-da berkidip, olaryň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki başlangyçlaryny goldaýar. Gatnaşyjylar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we halkara hyzmatdaşlygynda görkezýän başarjaňlyklarynyň dünýäniň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini nygtadylar.

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde geçirilen bu maslahat ýaş hünärmenleriň hünär tejribesini baýlaşdyrmakda netijeli bolup, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji diplomatiýasynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Состоялся интерактивный диалог на тему «Роль женщин-дипломатов в обществе и достигнутые ими успехи»
10 марта 2026 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана в рамках второго регионального тренинга для молодых дипломатов и государственных служащих стран Центральной Азии состоялся интерактивный диалог на тему «Роль женщин-дипломатов в обществе и достигнутые ими успехи». Об этом сообщает МИД Туркменистана.

Мероприятие было организовано совместно с Представительством Постоянного координатора ООН в Туркменистане. В нем приняли участие женщины-сотрудники дипломатических миссий иностранных государств и международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, представители Министерства иностранных дел, преподаватели института, а также студентки.

В ходе диалога выступили заместитель министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимова, Чрезвычайный и Полномочный Посол Государства Палестина в Туркменистане Рана Абу Хиджлех, Чрезвычайный и Полномочный Посол Исламской Республики Пакистан в Туркменистане Фарьял Легари, Постоянный представитель Программы развития ООН в Туркменистане Нарине Саакян, а также Ответственный секретарь Национальной комиссии Туркменистана по делам ЮНЕСКО Чынар Рустемова.

В выступлениях особое внимание было уделено значению политики постоянного нейтралитета Туркменистана, которая служит образцом продвижения миролюбивых инициатив и налаживания доверительного диалога в международных отношениях. Было отмечено, что принцип «Диалог — гарантия мира», реализуемый на основе принципов нейтралитета, способствует укреплению роли женщин в дипломатии и поддерживает их инициативы по обеспечению мира в регионе. Участники подчеркнули, что профессиональные достижения женщин в государственном управлении и международном сотрудничестве напрямую влияют на устойчивое развитие мира.

Данный семинар, проведённый в рамках второго регионального тренинга для молодых дипломатов и государственных служащих стран Центральной Азии, стал эффективной площадкой для обогащения профессионального опыта молодых специалистов и вновь продемонстрировал важную роль женщин в миротворческой дипломатии нейтрального Туркменистана.

«Аркадаг» и «Шагадам» разыграют Кубок Федерации футбола Туркменистана-2026
Команды «Аркадаг» и «Шагадам» разыграют Кубок Федерации футбола Туркменистана-2026. Это стало известно по итогам полуфинальных матчей, которые состоялись на центральной арене многофункционального стадиона «Ашхабад».

В первом из них «Шагадам» в нелёгкой борьбе выиграл у «Ашхабада» – 1:0. Победный гол на 32-й минуте забил Акмамед Метдаев.

А во втором поединке трёхкратный чемпион Туркменистана «Аркадаг» взял верх над вице-чемпионом страны «Ахалом» – 2:1. Первый тайм не принёс успеха ни одной из сторон. А во втором на два гола Даянча Мередова (67-я минута) и Мейлиса Диниева (71-я) команда Главного управления «Туркменнебитонумлери» ответила на 85-й минуте точным ударом Сулеймана Мирзоева.

Финальный матч состоится 12 марта. Ранее в этот же день в поединке за третье место сыграют «Ахал» и «Ашхабад».

На турнире состоятся ещё два матча: в борьбе за 5-6 места встретятся «Копетдаг» и молодёжная сборная Туркменистана (до 20 лет), а 7-8 места разыграют «Небитчи» и «Мерв».

«Arkadag» we «Şagadam» toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
«Arkadag» we «Şagadam» toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Bu «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça mälim boldy.

Ilkinji duşuşykda «Şagadam» topary «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. 32-nji minutda ýeňiş gazanan pökgini Akmämmet Metdäýew tora girizdi.

Ikinji duşuşykda Türkmenistanyň üç gezek çempiony «Arkadag» topary ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Birinji ýarymda taraplaryň hiç biri üstünlik gazanyp bilmedi. Ikinji ýarymda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň adyndan Daýanç Meredowyň (67-nji minut) we Meýlis Diniýewiň (71-nji minut) iki pökgüsine Süleýman Mirzoýewiň 85-nji minutda uran takyk urgusy jogap pökgi boldy.

Jemleýji oýun 12-nji martda geçiriler. Şol gün üçünji ýer ugrundaky bäsleşikde «Ahal» we «Aşgabat» toparlary duşuşarlar.

Ýaryşda ýene-de iki duşuşyk geçiriler: 5 – 6-njy orunlar üçin bäsleşikde «Köpetdag» we Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparlary duşuşarlar, «Nebitçi» we «Merw» toparlary bolsa 7 – 8-nji orunlar üçin bäsleşerler.

“Arkadag” and “Shagadam” to contest the Turkmenistan Football Federation Cup 2026
The teams “Arkadag” and “Shagadam” will compete for the Turkmenistan Football Federation Cup 2026. This became known following the semifinal matches held at the central arena of the multifunctional Ashgabat Stadium.

In the first semifinal, “Shagadam” defeated “Ashgabat” in a hard-fought match with a score of 1–0. The winning goal was scored by Akmamet Metdaev in the 32nd minute.

In the second match, three-time champions of Turkmenistan “Arkadag” overcame the country’s vice-champions “Ahal” with a 2–1 victory. The first half ended without goals from either side. In the second half, however, Dayanch Meredov (67th minute) and Meylis Diniyev (71st minute) scored two goals for “Arkadag”. The team of the Main Department “Turkmennebitonumleri” responded in the 85th minute with a precise strike from Suleyman Mirzoyev.

The final match will take place on March 12. Earlier on the same day, “Ahal” and “Ashgabat” will play in the match for third place.

Two additional matches will also be held during the tournament: “Kopetdag” will face the Turkmenistan U20 national team in the match for 5th–6th places, while “Nebitchi” and “Merv” will compete for 7th–8th places.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
Türkmenistan möhüm sebit, sebitara we ählumumy meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda syýasy-diplomatik gurallary ilerletmäge çalyşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy esasy şertdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlady. 18-nji fewralda bolsa bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Meýilnama dürli çäreleriň toplumynyň, şol sanda guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, maglumat, aragatnaşyk häsiýetli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan bäş esasy ugry öz içine alýar. Onuň çäklerinde halkara maslahatlar, ýaşlara niýetlenen wagyz-nesihat çäreleriniň toplumy, degişli okuw we usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylmagy bellenilendir. Maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýörite bölümiň döredilmegi, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş häsiýetli işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy goldamagyň täsirli syýasy-hukuk guraly hökmünde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini açmaga aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren netijeli başlangyçlaryny, hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere 23-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde hem garaldy. Bu ugurda esasy konwensiýalara, ylalaşyklara, beýleki resminamalara goşulyşmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şu maksat bilen döredilen pudagara topar tarapyndan milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyga umumy ykrar edilen kadalary ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu babatda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Toparyň mejlisinde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze meýilnamalaryň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny, Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak esasynda taýýarlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ählumumy meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) hem-de “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda guraljak döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýär.

GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeläp, Arkalaşygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň işini häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Ýurdumyz diňe bir GDA-nyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşyklardyr çärelere yzygiderli esasda gatnaşman, eýsem, olaryň geçirilýän merkezine hem öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2012-nji we 2019-njy ýyllarda-da başlyklyk edendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň sammitiniň jemleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu resminamada Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler, milli we umumy bähbitleriň deňeçerligi sazlaşykly utgaşyp, özara bähbitli gatnaşyklarda ylalaşylan çemeleşmeler, ony ösdürmegiň hem-de utgaşykly işi goldamagyň ugurlary kesgitlenendir. Bu Jarnamanyň möhüm ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy ýaly Arkalaşygyň maksatnamalaýyn resminamasynyň binýadyny emele getirdi.

Şu gezekki başlyklyk etmek wezipesi barada aýdylanda, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünip, Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan, ony mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, sebit howpsuzlygynyň we özara ynanyşmagynyň pugtalandyrylmagyna, bitaraplyk ýörelgeleriniň ilerledilmegine, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny berkitmek maksady bilen, diplomatik gurallaryň işjeňleşdirilmegine syýasy nukdaýnazardan uly ähmiýet berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşylan diplomatik çäreleri işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini söwda, ykdysady, ulag, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek babatda ulanmagy maksat edinýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Arkalaşyga agza döwletleriň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmaga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň häzirki möhüm şerti bolup durýan sanly ösüşe, innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň wajyp ugrudyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň çäklerinde dostlukly, hoşniýetli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halklaryň ruhy we medeni mirasyny gorap saklamagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlän Türkmenistan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, şeýle özara gatnaşyklary GDA-nyň giňişliginde hem ilerletmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ulgamda alyp barýan işleriniň, gazanan üstünlikleriniň ýokary baha eýedigini nobatdaky gezek tassyklan waka boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Bu wezipeler Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda hem beýanyny tapdy.

Umuman, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy dürli ugurlarda özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijelilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklara itergi bermäge we mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmen halkyny hem-de bu ýurtlaryň halklaryny asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni umumylygy, dost-doganlyk gatnaşyklary, birek-biregi goldamak däpleri baglanyşdyrýar. Bu öňdengörüjilikli strategiýa eýermek bilen, Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň uly ähmiýeti bardyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň bu formata doly hukukly agza hökmünde goşulmagy hakyndaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygynda öňe sürlüpdi. Gahryman Arkadagymyz şol duşuşykda eden çykyşynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Bu biziň umumy taryhy, ruhy we medeni ýakynlygy bilen birleşýän doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýokary derejeli ulgamlaýyn syýasy dialogyň möhümdigine ähmiýet berýän sebit hyzmatdaşlygyna düýbünden täzeçil çemeleşmek hakynda birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren başlangyjy häzirki wagtda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen duşuşyklary munuň aýdyň güwäsidir. 2021-nji ýylyň awgustynda ýurdumyz üçünji konsultatiw duşuşygy kabul etdi. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylda başlyklygy kabul etmek bilen, doganlyk halklaryň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, uly göwrümli maýa goýumlar we iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder. Döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, söwda, önümçilik, tehnologiýa hyzmatdaşlygyny özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek babatda tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Energetika hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistan bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça geljekki anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe bir turba geçiriji taslamalar däl, eýsem, elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada hem barýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň halkara energetika we ulag arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, sazlaşykly ugurdaş düzümleri döretmegiň ýolunda anyk ädim bolandygyny bellemek gerek. 2025-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar şolaryň hataryndadyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, ekologiýa meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň goldanylmagynyň ýurtlarymyz üçin hemişe ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň, köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde syýasy dialogyň, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine uly goşant goşýar.