Ï Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk

view-icon 2730
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk
Ussat nakgaşlar bilen duşuşyk

Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň tanymal türkmen nakgaşlary bilen bolan döredijilik duşuşygy Şekillendiriş sungaty muzeýi üçin aýratyn ähmiýetlidi. Göni 16 ýyl mundan ozal talyplar we döredijilik intelligensiýasy bezegi hem mazmuny babatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň açylyşyna gatnaşypdylar. Şonuň üçinem ýaşajyk nakgaşlaryň sungat ussatlary bilen duşuşygy simwoliki ähmiýete eýe boldy.

Çagalaryň öňünde Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň žiwopis kafedrasynyň mugallymy Merdan Nurmedow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýew, B. Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň mugallymy Nurmämmet Nurmämmedow dagy çykyş etdiler. Olaryň hersi sungata getiren döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler. Saragt Babaýew B. Nuraly adyndaky mekdebe ýygy-ýygydan gelýär, onuň köpsanly heýkelleri diňe bir paýtagtymyza däl, eýsem Watanymyzyň beýleki şäherlerine-de bezeg berýär. Bu mekdebiň okuwçylarynyň köpüsi meýdanda geçirilen sapaklarda onuň heýkelleriniň ençemesiniň suratyny çekipdiler. Olar ussat heýkeltaraşdan: «Häzir näme döredýärsiňiz?» – diýip soradylar.

-- Bilşiňiz ýaly, ýurdumyz dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlanýar. Ol döredijilige uly itergi berýär, şonuň üçinem ussahanamda joşgunly iş gidip dur. Biz ildeşlerimize ýakymly sowgat taýýarlaýarys, ol barada entek gürrüň etmekçi däl.

Işanguly Işangulyýewe: «Realizmden modern nähili geçdiňiz?» - diýen has üýtgeşik sowal berildi. Ol işi bilen baglylykda daşary ýurtlarda kän bolýandygyny, daşary ýurtly nakgaşlaryň işlerine syn edip, modern usulyny türkmen nakgaşylygynda ulanmagy niýet edinendigini, aslynda nakgaşyň özüni beýan etmegiň täzeden täze ýollaryny gözlemelidigini, dürli tilsimleri synap görmeldigini aýtdy.

Nurmämmet Nurmämmedowdan: «Näme üçin siziň «Gündogar zenany» suratyňyz ýaşyl reňkde çekilen?» -diýip soradylar. Nakgaş muňa: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy nähili reňkde?» - diýip sowala sowal bilen jogap berdi.

«Akademiýada sapak bermekden daşgary döredijilige wagt bolýarmy?» -diýip okuwçylaryň biri Merdan Nurmedowdan sorady. Ol: «Wagt ýetmezligi oňa rejeli garamagy öwredýär, şonuň üçinem men näme bolsa-da, oňa, goý birnäçe mint, sagat bolsun – wagt tapmaga çalyşýaryn. Dogrusy, akademiýada talyplar bilen söhbetdeş bolanymda men olara diňe bir žiwopis tilsimlerini öwretmän, eýsem olaryň ýaşlyk hyjuwyndan ruhlanýaryn, olaryň töwerege ter garaýşyndan sapak alýaryn» -- diýip jogap berdi.

Çagalaryň käbiri tanymal nakgaşlar bilen söhbetdeşlikden peýdalanyp, galamda garalama suratlary çekdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilik şahsyýetleri bilen geçirilen duşuşyk ýaş nakgaşlaryň ýadynda uzak wagtlap galsa gerek.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW