Ï Garagum derýasynyň täze keşbi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagum derýasynyň täze keşbi

view-icon 13613
Garagum derýasynyň täze keşbi
Garagum derýasynyň täze keşbi
Garagum derýasynyň täze keşbi
Garagum derýasynyň täze keşbi
Garagum derýasynyň täze keşbi
Garagum derýasynyň täze keşbi

Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň esasy gidrotehniki desgasynda emeli derýanyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Derýanyň aýagynda, Bereket şäheriniň töwereginde ýene bir suw howdany gurulýar.  18 million kub metre çenli suw saklamaga niýetlenen emeli howdan suwdan doldurylmaga taýýarlanylýar.

Suw toplaýjy desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyzň Suw hojalygy komitetiniň «Garagumderýagurlushyk» ÖB alyp barýar.  Hünärmenleriň pikirine görä,  emeli köl derýa akymyny kadalaşdyrmaga, ýaz aýlary suw joşmasyndan goramaga mümkinçilik berer, Günbatar Türkmenistanyň içimlik, senagat we oba hojalyk bähbitlerine suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ulanylar.

Kadalaşdyryjy desgalary, howdanlary, öz önümçilik binýady bolan 1100 kilometrlik Garagum derýasy dünýäde iň iri suwaryş-suwlylandyryş ulgamly suw ýoly bolup, onuň kömegi bilen ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ulanylýan ýerleriniň bir million gektara golaý ýeri suwarylýar.

Suw magistralyndan rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça işler tutuş derýa ugrunda dowam edýär. Meselem, Serdar şäheriniň töwereginde geçirijilik mümkinçiligi sekuntda 68,2 kub metr bolan suw derejesini kadalaşdyrjy desga gurulýar.  Ol şäheri we  oba hojalyk sebitini suw bilen durnukly üpjün eder.

Baýramaly etrabynyň Zähmet şäherçesiniň töwereginde suw magistralynyň 326-njy kilometrinde suw geçirjiligi sekuntda 500 kub metrlik gämi şluzly täze gidrotehniki desga gurulýar. Howuzhan suw howdanynyň töwereginde ýokary geçirijikli suwuň öňüni alyjy we onuň derejesini kadalaşdyryjy ýene bir  desga gurulýar. Şeýlelikde, derýanyň bar bolan suw serişdelerini ulanmaga niýetlenen täze we köne inženerçilik desgalar ulgamy Garagum derýasynyň akymyny netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Derýany howpsuz ulanmagy üpjün etmek üçin derýanyň 680-nji we 753-nji kilometlerinde sil akymlaryny we zeýakaba suwlaryny  geçirmek üçin täze desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Zähmediň töwereginde suw akymyny täze awtoulag we demir ýol köprüsine goşmak boýunça işler alnyp barylýar, bu bolsa  derýadan baržalaryň, teplohodlaryň we läbik çykaryjy enjamlaryň howpsuz hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Mary we Ahal welaýatlarynyň «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy (Zeýit) we Howuzhan emeli köllerinde ýurdumyzyň Suw hojalygy komitetiniň gurluşyk edaralary howdanlaryň göwrümini degişlilikde 3,8 milliard kub metre we 1,5 kub metre çenli artdyrmak üçin gaçylary galdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Ol  Garaşsyz Türkmenistanyň içimlik, senagat we oba hojalyk ähmiýetli suwlaryny gyradeň bermegi üpjün eder.

Gözbaşyny alys Pamiriň  buzluklaryndan alyp gaýdýan Amyderýadan Garagum derýasyna ýylda 11 milliard kub metre golaý tenekar suw bilen birlikde 50-55 million kub metr çäge we laý gelýär, olaryň bir bölegi howdanlara hem-de derýanyň hanasyna çökýär. Şonuň üçinem olaryň kenarlarynda läbik çykaryjy enjamlar gaçylaryň hilini yzygiderli gowulandyrmakda, derýany giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda, onuň kenarlaryny abadanlaşdyrmakda işledilýär. 

Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetiniň edaralarynyň biri -- «Garagumderýasuwhojalyk» birleşigi bu özboluşly suw ulgamyny dolandyryjydyr. Birleşigiň hünärmenleri – inžener-gidrotehnikler, inžener-gidrometrler, düzgünleşdirijiler suw akymynyň hasabyny ýöredýärler, suw almak we derýadan suw geçirmek, ony suwdan peýdalanyjylara ibermek meselelerini çözýärler, sorujy beketleriň işini üpjün edýärler, derýanyň hanasyny arassalamak, çuňlaşdyrmak we giňeltmek işlerini ýerine ýetirýärler, howdanlary öz wagtynda suw bilen dolduryp, Amyderýanyň suwunyň ekin meýdanlaryny suwarmaga bökdençsiz berilmegini gazanýarlar. Diňe 2020-nji ýylda irrigatorlar läbik sorujy enjamlar we ekskawatorlar bilen 24 million kub metrden gowrak gyrmança çykardylar. Derýanyň we howdanlaryň kenarlaryny ot basmakdan goramak üçin birleşigiň Ekologiýa ylmy-önümçilik merkezi her ýyl ot iýýän kiçijik  balyklaryň  birnäçe tonnasyny ýetişdirip, suwa goýberýärler.

Derýany ulanyjylar kenarlardan köne gum üýşmeklerini aýyrýarlar, tekizleýiş işlerini geçirýärler, netijede indi Artykdan Gökdepä çenli baglar gülläp, üzümçilikler gök öwsüp otyr, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň atyzlary ýaýylyp ýatyr, tokaý-bag zolaklary kemala getirilýär, tut agaçlary ekilýär.

Howuzhanda, Maryda, Babadurmazda, Gämide, Aşgabatda, Gypjakda  hanany kesip geçýän döwrebap köprüler we ýolaýrytlar emeli derýa görk berýär, bu bolsa ponton geçelgelerden dynmaga hem-de tiz wagtda derýadan Aşgabada çenli gämi gatnawyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

Bularyň ählisi ýurdumyzyň öz esasy baýlyklarynyň biri – suwa we Garagum çölüni özgerden suw magistralyna aýawly hem-de aýratyn sarpaly garaýandygyny görkezýär. Bu ummasyz suwdan oýlanşykly we rejeli peýdalanylmagy pagtaçylara, gallaçylara we gök ekarançylara oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Wladimir KOMAROW