Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň maliýe durnuklylygyny goldamak – wideoaragatnaşygyň temasy

eye
647
Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň maliýe durnuklylygyny goldamak –  wideoaragatnaşygyň temasy

2021-nji ýylyň 5-nji aprelide Bütindünýä banky we Halkara Pul Gaznasy tarapyndan her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlaryň çäklerinde Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Departamentiniň guramagynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Banklarynyň we Maliýe ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly däp bolan kollegial pikir alyşmalary gurady.

Duşuşugyň gün tertibinde Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitinde makroykdysady tapgyrlary, maliýe durnuklylygy goldamak üçin syýasatyň binýatlary, maliýe ulgamynyň durnuklylygy we maliýe hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de ykdysadyýetiň hususy bölegini goldaw bermek ýaly ileri tutulýan meselelere seredildi.

Bu pikir alyşmalarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ýurdumyzyň maliýe durnuklylygyny goldamak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdi.

Последние новости