RF-iň Astrahan oblastynyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde Sport hepdeliginiň netijeleri jemlendi

eye
528
RF-iň Astrahan oblastynyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde Sport hepdeliginiň netijeleri jemlendi

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Sport hepdeliginiň ýeňijilerine garalyp sylag gowşurmak dabarasy geçirildi. Biziň ýurdumyzyň Astrahandaky Konsullygynyň başlangyjy boýunça sport-saglyk çäreleriniň tapgyry 2-7-nji aprel aralygynda guraldy. 

Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew hem-de halkara aragatnaşyklar Agentliginiň başlygynyň orunbasary A. Aýdyň, bilim we ylym Ministrliginiň goşmaça bilimi ösdürmek bölüminiň başlygy N. Ýarda, «Priwolžsk raýon» BM-niň Administrasiýasynyň ýörite meseleler boýunça orunbasary N. Malyşewa we «Priwolžsk raýon» BM-niň bilim, ýaşlar syýasaty we sport müdirliginiň başlygy A. Lopin bu dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. 

Dabarada mekdebiň folklor topary tans çykyşlaryny ýerine ýetirdi. 

Последние новости