Oba hojalygynda bazar gatnaşyklary: sebitleýin nazarýet

eye
424
Oba hojalygynda bazar gatnaşyklary: sebitleýin nazarýet

Ähli welaýatlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň demirgazygynda-da oba hojalyk önümçiligini özleşdirýän hususy öndürijileriň sany artýar. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 99 ýyl möhlet bilen berilýän meýdanlary alýan şahsy we edara görnüşli taraplar barha köpelýär.

Ruhubelent etrabynyň diňe «Zähmet» geňeşliginiň çäginde şertnama esasynda döwlet sargydyna goşulan ekinleriň önümçiligine girişen 39 sany täze daýhan hojalygynyň döredilmegi bu aýdylanlaryň mysalydyr. Olara umumylykda iki müň gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Şol meýdanlarda geçen ýyl güýzlük bugdaýy ekilipdi. 

Döwletimiz tarapyndan oba hojalygyny gurluş taýdan özgertmäge, kanunçylyk binýadyny berkitmäge, dolandyryşyň we maliýeleşdirişiň has netijeli serişdelerini işläp düzmäge, obalarda täze ykdysady ösüşleri, şol sanda dürli hojalyk guramalary üçin bäsleşik şertlerini döretmäge hem-de kämilleşdirmäge uly goldaw berilýär. 

Şonuň bilen bir hatarda geçen ýyl ýurduň demirgazyk welaýatynda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan hususy öndürijilere birnäçe müň gektar ýer bölünip berildi. Bu babatda pagta we galla hasylyny ösdürip ýetişdirýän S. Türkmenbaşy, hem-de mes toprakly Ruhubelent etraplarynda güýçli depginde işler alnyp barylýar. 

Berilýän meýdanlaryň otuz göteriminde döwlet sargydyna girmeýän, ekin dolanyşygyny we hojalyklary ykdysady taýdan goldamak üçin peýdaly ekinleri ekmäge şert döredilmegi ýerli daýhanlary has-da öndürijilikli işlemäge höweslendirýär. 

Batyr ÖRÄÝEW

Последние новости