Ï Türkmen sungatyndaky ägirt: Ýakup Annanurow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sungatyndaky ägirt: Ýakup Annanurow

view-icon 5905

Bäş ýyl mundan owal, ýurduň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Watanymyzyň özbaşdaklygyny berkitmeklige uly goşant goşan meşhur şahsyýetleriň birnäçesi aradan çykandan soňra «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglanyldy. Şolaryň arasynda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyňam ady tutuldy. 

 …Ol özüni bileli bäri hemişe surat çekmek isleýärdi. Aşgabadyň pionerler Köşgünde şekillendiriş sungaty topary açylan badyna 12 ýaşynda Ýakup onuň ilkinji okuwçysy bolupdy. Tejribeli mugallymlar ýaş suratkeşiň zehinine ýol açdylar, hem-de sungatyň ähli görnüşlerine nädip düşünmelidigini we söýmelidigigi öwretdiler. Soňra ol saza, teatra gyzykdy. Alty Garlyýew ýaş, zehinli hudožnigi Türkmenistanyň göçme teatryna işe çagyrdy we oňa öz pýesasy esasynda goýlan «Аýna» spektaklyny bezemegi tabşyrdy. 18 ýaşynda Ýakup eýýäm Aşgabadyň türkmen drama teatrynyň sahna bezegçisidi. Emma, onuň baş arzuwy surat çekmekdi.

Şol ýyllarda ol ilkinji uly kartinany ─ «Keşdeçileri» döredýär, ol reňkleriň sazlaşygy we şekilleriň ynandyryjylygy babatda köpleri haýran galdyrýar. Iki zenan keşbi adaty otagyň içinde göýä diýersiň tolgunmalara gaplanyp ýaşaýana meňzeýär.

Ýakup Annanurowyň işlerinde ezberlik göze ilýär we ony Moskwanyň Kalinin adyndaky çeper-sungat mekdebine okuwa iberýärler. Ony tamamlansoň zehinli suratkeş Moskwanyň Surikow adyndaky çeperçilik institutyna girmäge çakylyk hatyny alýar, ol bu ýerde I. Grabar, W. Faworskiý, A. Deýneka, S. Gerasimow dagylardan tälim alýar. Şol okuw jaýynda-da, Ýakup psihologiki şekillendiriş žanry bolan portret çekmegiň inçe tilsimlerini öwrenýär. Aşgabada gaýdyp gelensoň Kemine şahyryň keşbini döretmäge iň ýaş suratkeş hökmünde gatnaşyp bäsleşigiň ýeňijisi bolýar.

Ýakup Annanurow Keminäniň keşbiniň üstünde ömürboýy işledi, dürli döwürlerde gaýta-gaýta onuň suratynyň ençeme nusgalaryny döretdi.

Nägehan uruş parahat durmuşyň, döredijiligiň arasyny üzýär. Suratkeş 1946-njy ýylda öýüne gaýdyp gelýär. Onuň döşüni ─ II derejeli Watançylyk urşy we Gyzyl Ýyldyz söweşjeň ordenleri bezeýär. Döredijilige suwsan hudožnik çeper kartinalaryň tutuş toplumyny çekýär, olar diňe parahat durmuşy suratlandyrýar. Onuň şol ýyllarda döreden kartinalarynyň süňňüne bagtly gelejege ynamy, hoşniýetliligiň ruhy siňýär.

Suratkeşiň baş gahrymanlary — daýhanlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, artistler, gurluşykçylar we mugallymlar. Olar dürli-dürli kärleriň eýeleri, olaryň işleriniň düýp manysy — parahatlygy gorap saklamak, ösüp gelýän ýaş nesillerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bolup durýar.

Meşhur kinorežissýor; Alty Garlyýewiň, kompozitor Daňatar Öwezowyň, hudožnik Yzzat Gylyjowyň, Aman Kulyýewiň, artistler; Aman Gulmämmedowyň we Muhammet Çerkezowyň keşplerini döredende portret žanrynyň psihologiki esasyny çuňňur öwrenenligi Ýakup Annanurowa bahasyz kömek berdi. Edil häzirki günlerde-de, şol portretlerdäki tanyş ýüzleri synlap, pikiriňde şol ylhamdan ruhlanan adaty ynsanlaryň özüňe seredip duranlygyny duýýarsyň.Ýakup Annanurowyň adamyň içki dünýäsini açýan keşpleriniň ýönekeýligi onuň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygydyr.

Sungaty öwrenijiler Ý. Annanurowyň suratlarynyň köp böleginiň mugallymlara, döredijilik wekillerine bagyşlanandygyny belleýärler. Ussadyň jemgyýete hoşniýetlilik we bilim peşgeş berýän adamlaryň keşpleri arkaly gelejekki nesillere zähmet adamlaryna sylag-hormat goýmagy, ynsan kalbynyň gözelligine düşünmegi ündemeginiň syry megerem, şulardan ybarat bolsa gerek.

Ol türkmen halkynyň taryhyny, onuň baý medeni däplerini gürrüň berýän ençeme ajaýyp eserleri döretdi. Ýakup Annanurow öz döredijiligini Watana, adamlara bagyşlady.

Gojalan ýyllarynda Beýik Ýeňşiň 25 ýyllygyna bagyşlap şol gowgaly uruşda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hormatlap «Hiç kim unudylanok» atly ajaýyp kartinasyny döretdi. Bu eser tomaşaçyny Moskwanyň etegine, Ramenskoýe obasyna, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda janyny gurban edenleriň hatyrasyna Baky ot ýanýan ýadygärligiň gurlan ýerine alyp gidýär. Bu ýerde rus esgerleri bilen bilelikde türkmenlerem duşmana garşy söweşdikleri görkezilýär. Rus topragynda wepat bolan gahrymanlary hormat bilen ýatlamak üçin Türkmenistandan olaryň dogan-garyndaşlary we urşa gatnaşanlar gelipdir.

Uruşda ogullaryny we iň ýakynlaryny ýitiren garry türkmen enesiniň gaýgy-hasraty ynandyryjy görkezilýär. Şol baky oduň mermer daşynyň öňünde dyz epipdir. Ýaş zenan oňa goldaw berýär. Olaryň gapdalynda ýatlamalara gark bolan uruş weteranlary başlaryny aşak salyp durlar. Birneme daşrakda doňup galan hormat garawulynyň esgerleri görünýär. Ýakup Annanurowyň «Hiç kim unudylanok» atly kartinasy çuňňur ynsanperwerligi bilen her bir adamyň kalbyny gozgaýar we biziň halkymyzyň çeken beýik pidalaryny ýatlamaga mejbur edýär.

Halkyňy söýmek, onuň taryhyna we däp-dessurlaryna hormat goýmak, isle döredijilik wekili, isle daýhan ýa işçi bol, parhy ýok – bu taglymat, ol suratkeş Ýakup Annanurowyň döredijiliginiň baş ýörelgesi.

Ussadyň uly ogly Atamyrat Annanurow şeýle ýatlaýar: – Bäş ýyl mundan ozal Prezidentiň Permany kakamyň ýüz ýaşynyň dolmagyna gabat geldi. Kakamy ýatlamaga gelenleriň ählisi, onuň kärdeşleri, köp sanly şägirtleri, tanyşlary, goňşulary we dogan-garyndaşlarymyz biziň şatlygymyza goşuldylar.

Ýakup Annanurowyň eserleri türkmen halkynyň medeniýetinde we sungatynda öçmejek yz galdyrdy. Yakup Annanurowyň her bir eseri Watan söýgüsine ýugrulan, bu-da bolsa, onuň beýik ynsanlygynyň aýdyň nusgasy.