Ï Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň DIM-niň wekilleri özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň DIM-niň wekilleri özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1537

Wideoaragatnaşyk maslahaty arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary – Wepa Hajyýew, ýapon tarapyna bolsa – ministriň ikinji kömekçisi, DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Gullugynyň baş direktorynyň orunbasary, Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekil Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyndaky oňaýly ösüş bellendi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Sebitleýin we halkara meseleleriniň beýleki wajyp ugurlaryna seredildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Duşuşygyň barşynda nebitgaz we gazhimiýa, energetika, ulag we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň peýdaly tejribesi nygtaldy. Ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da gatnaşyklaryň netijelidigi aýdyldy.