Ï Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi

view-icon 1384

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygynda EYR-iň wekilleriniň Aşgabatdaky iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn türkmen-eýran daşary syýasaty boýunça geňeşmeler geçirildi. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

DIM-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem sebitleýin we halkara guramalaryň esasynda özara gatnaşyklar maslahatyň aýratyn temasy boldy. Sebitleýin meselelerde garaýyşlaryň meňzeşligi bellenildi, Owganystandaky ýagdaý barada pikir alşyldy.

Hereket edýän hukuk namalarynyň we VI Hazar sammitiniň taýýarlygynyň seljermelerini öz içine almak bilen Hazar tematikasy maslahatyň ugurlarynyň biri boldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna» gol çekildi.