Ï 2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň hereketleriniň milli Meýilnamasyny (HMM) durmuşa geçirmegiň çäklerinde MHG-nyň Türkmenistandaky Missiýasy jemgyýetçilik guramalary we assosiasiýalary üçin onlaýn-trening geçirdi. Sem
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Migrasiýa boýunça halkara guramasy Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri üçin trening geçirdi

view-icon 2114

2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň hereketleriniň milli Meýilnamasyny (HMM) durmuşa geçirmegiň çäklerinde MHG-nyň Türkmenistandaky Missiýasy jemgyýetçilik guramalary we assosiasiýalary üçin onlaýn-trening geçirdi. Seminara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Gyzyl Ýarym aý Milli Jemgyýetiniň, şeýle hem «Ynam», «Ýeňme», «Maşgala» we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady netijeleriniň migrantlara we toparlara täsirini peseltmek» sebit taslamasynyň çäklerinde geçirilen webinar jemgyýetçilik guramalarynyň adam söwdasyna garşy göreşde eýeleýän ornuny, şeýle hem 2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň hereketlertiniň ikinji milli Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy maksat edindi.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň halkara bilermeni Tatýana Fomina (Moldowa Respublikasy) oňa gatnaşanlary adam söwdasynda, şol sanda COVID-19 pandemiýasynyň we beýleki ýagdaýlaryň täsiri bilen ýüze çykan  ählumumy ugurlary, şeýle hem bu meselä garşy durmakda öňdebaryyjy halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy. Bilermen bu ugurda ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guramagyň zerurlygyny hnygtady.

Öz gezeginde, MHG-nyň Türkmenistandaky edara ýolbaşçysy Azat Atajanow adam söwdasynyň öňüni almakda we onuň pidalaryny tanamakda elektron kommunikasiýa serişdelerini ulanmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Webinara gatnaşanlar adam söwdasynyň pidalaryny täze ugra gönükdirmegiň mili guralyny ösdürmek, bu ulgamda pudagara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak barada pikir aýtdylar.

Aýjahan ATABALLYÝEWA