Ï Türkmen Lideriniň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen Lideriniň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar

view-icon 1880

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ysraýyl Döwletiniň we halkynyň adyndan Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan edýärin. Merhumyň jaýy jennetden bolsun!

Şu gaýgyly döwürde Siziň göwnüňiziň kakaňyzyň röwşen mirasyndan, onuň asylly işlerinden hem-de Siz bilen hasrat çekýän adamlaryň hakydasyndan teselli tapmagyny dileýärin.

Çuňňur gynançlarymyzy we dileglerimizi kabul ediň!

Reuwen Riwlin,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, Beýik Biribaryň rehim-şepagatyny dileýärin.

Goý, Beýik Alla bu mukaddes aýy mynasyp geçirmäge ýardam etsin!

Biziň ýurtlarymyza we halklarymyza parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Goý, Gudraty Güýçli Biribar doga-dileglerimizi kabul etsin!

Hormatlamak bilen,

R.Kadyrow,

Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany.