Ï Mahaçgalanyň deňiz söwda porty (MDSP) ýakyn geljek üçin öz wezipesini kesgitledi. Olaryň arasynda: Türkmenistan bilen awtoulag we demirýol parom gatnawyny ýola goýmak, şeýle hem jahankeşdelik deňizçiligi üçin düzümleýin amatlyklaryny döretmek bar.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy we Mahaçgala portlarynyň arasynda parom gatnawyny açmak göz öňünde tutulýar

view-icon 1464

Mahaçgalanyň deňiz söwda porty (MDSP) ýakyn geljek üçin öz wezipesini kesgitledi. Olaryň arasynda: Türkmenistan bilen awtoulag we demirýol parom gatnawyny ýola goýmak, şeýle hem jahankeşdelik deňizçiligi üçin düzümleýin amatlyklaryny döretmek bar. 

“Mirmol” neşiriniň Dagystan Respublikasynyň ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Şiruhan Gajymyradowa salgylanyp berýän habaryna görä, 2020-nji ýylda Mahaçgala deňiz porty 4,7 million tonna ýüki üstünden geçiripdir, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 3% köpdür. Öten ýylda diňe suwuk ýükleriň ulagyň bir görnüşinden başga görnüşine geçirilmesi 4% artmak bilen, 4,3 million tonna barabar boldy.

MDSP-niň ýük dolanyşygy Russiýanyň Hazar deňzi zolagyndaky 14 portuň jemi ýük dolanyşygynyň  50%-den-de köpdür.  

 “Russiýanyň iň gowy kärhanalar ligasy” atly halkara ykdysady görkezijileriň derejelerini kesgitleýän guramaçylyk komiteti 2020-nji ýylyň jemleri boýunça Mahaçgala portuna “Russiýa boýunça ýylyň iň gowy kärhanasy” diýen şahadatnamany gowşurdy, onuň baş direktory bolsa “Russiýa boýunça iň gowy ýolbaşçy” diýlip yglan edildi.   

Janmämmet GULAMOW