Halyl Kulyýew: şygyr mukamy

eye
335
Halyl Kulyýew: şygyr mukamy

Şu ýyl türkmen şahyry Halyl Kulyýewiň eneden doglanyna 85 ýyl dolýar. Ol 1936-njy ýylda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Mekdebi tamamlandan soň, Halyl mugallym bolup işleýär. 1955-nji ýylda bolsa Türkmen Döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär.

Talyplyk ýyllarynda Halyl Kulyýewde döredijilige uly höwes oýanýar. Onuň söýgüli şahyrlary Magtymguly we Mollanepes bolupdyr. Halyl çeper sözüň tebigatyna düşünmäge çalşyp, Nyzamynyň, Jamynyň, Nowaýynyň edebi mirasyny, Nikolaý Çernyşewskiniň we Nikolaý Dobrolýubowyň işlerini çuňňur öwrenipdir.

Hut şol ýyllarda-da gazet-žurnallarda onuň goşgulary we oçerkleri çykyp başlaýar. 1960-njy ýylda okuwyny tamamlansoň, Kulyýew TDU-nyň mygallymy bolup zähmet ýoluna gadam goýýar. Ol talyplara “Edebiýaty öwrenişe giriş”, “Edebiýat teoriýasynyň esaslary” ýaly derslerden sapak berýär. 1967-nji ýylda şahyryň “Şapak” ady bilen ilkinji goşgular ýygyndysy çap edilýär.

On ýyldan soň bolsa şahyryň “Akar suw” poemasyny öz içine alýan “Säher salamy” ady bilen ikinji goşgular ýygyndysy çapdan çykýar.

Inçe lirizm we halk edebiýatyna beletligi şahyryň döredijiliginiň tapawutly ýeridir. Diňe bir ynsan ýa tebigat gözelligine sarpa goýmak bilen birlikde, Kulyýew öz eserlerinde çeper meňzetmeleri, deňeşdirmeleri ussatlarça ulanýar. Onuň şahyrana, lirizme ýugrulan diliniň köplenç Sergeý Ýeseniniň döredijiligi bilen deňeşdirilmegi-de ýöne ýerden däldir.

Kulyýewiň şygyrlaryna saz ýazylmasa-da, aýdym düzülmese-de dutaryň özboluşly sesi, şemalyň mukamy, guşlaryň saýramasy, bahar otlarynyň näzik ygşyldysy we dag çeşmesiniň çasly akýan owsunlaýjy äheňleri olaryň içinden eriş-argaç geçýär...

 Azady MYRADOW 

Последние новости