Ï Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Walentina Matwiýenko: Bilelikde alyp barýan işlerimiz ähli ugurlardaky ikitaraplaýyn möhüm gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar

view-icon 1604

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Parlamentarileriň ses bermeleriniň netijeleri Siziň raýatlyk ylalaşygynyň saklanmagyna, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagy, ýurduň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen syýasatyňyzyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesinde yhlasly zähmet çekýärsiňiz we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ägirt uly goşant goşýarsyňyz.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde Size iki ýurduň arasynda parlament hyzmatdaşlygyna hemişe üns we goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözleri aýdylýar.

Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine berilýän goldaw durnukly häsiýete eýedir. Russiýa Federasiýasynyň senatorlary bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, parlament toparlarynyň we ugurdaş komitetleriň ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigine bil baglaýaryn.

Biziň bilelikde alyp barýan işlerimiziň ähli ugurlardaky ikitaraplaýyn möhüm gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýärin!

Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina Matwiýenko,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.