Ï Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi TDIM-niň HGI-niň talyplaryna okuw sapagy geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi TDIM-niň HGI-niň talyplaryna okuw sapagy geçdi

view-icon 3796

2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Muratow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplaryna onlaýn görnüşde okuw sapagyny geçdi.

Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi şu ýyl bellenilýän iki sany möhüm ýubileýiň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we ýurduň paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygynyň çuňňur baglanyşyk birleşdirýändigini aýtdy. Türkmenistan öz ýubileýini Türkmenistanyň Prezidentiniň paýhasly baştutanlygynda giň gerimli maksatnamalary we durmuş-ykdysady, ylym-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri, ýurduň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirlen, halkyň bagty we abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirýän döwrebap döwlet hökmünde belleýär..

Ilçi türkmen-gruzin gatnaşyklary barada belläp geçip we olaryň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.

Okuw sapagy tamamlanandan soň, Ilçi talyplaryň soraglaryna jogap berdi we okuwlarynda üstünlik arzuw etdi.