Ekologiýa goragynyň hukuk esasy

eye
546
Ekologiýa goragynyň hukuk esasy

Iýun aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň “Ekologiýa howpsuzlygy” hakynda Kanuny kabul edenine dört ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda «AA»-nyň habarçysy Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak minstrliginiň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş hünärmeni Mergen Kepbanowa birnäçe sowal bilen ýüz tutdy.

– Mergen, 2017-nji ýylyň iýun aýynda «Ekologiýa howpsuzlygy» hakynda Kanun kabul edilýänçä, bu pudakda hukuk meselelerini sazlaýan başga hukuk namalary hereket edýärdi. Täze hukuk namasyny kabul etmäge näme sebäp boldy we onuň wajyplygy nämede?

– Hakykatdan-da, şol döwürde Türkmenistanda dürli hukuk kadalary, maksatnamalar we meýilnamalar hereket edýärdi. Eýsem-de bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawyň goragyna aýratyn üns bilen çemeleşmek babatynda teklip eden, şol sanda halkara derejesinde teklip eden başlangyçlary olary çözmek üçin has giňden, hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn çemeleşmegi talap etdi. Daşky gurşawyň goragy, ekologiýa howpsuzlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kanunyň kabul edilmegi bilen, ilkinji gezek ekologiýa howpsuzlygy pudagyndaky esasy meseleleri bir bitewi resminamada beýan etmek başartdy.

– Täze Kanunda haýsy hukuk kadalary ilkinji gezek peýda boldy?

– Kanunda «daşky gurşawyň hili», «amatly daşky gurşaw», «daşky gurşawa ýaramaz täsir», «ilatyň saglygyna ýaramaz täsir», «ekologik howp» we öň bolmadyk beýleki hukuk düşünjeleri peýda boldy.

Kabul edilen pursadyndan bäri geçen wagtyň görkezişi ýaly, Kanuna bu hukuk kadalarynyň girizilmegi Baş kanunyň her bir adamyň ýaşaýyş we saglygy üçin ýaramly daşky gurşawa hukugynyň bardygy baradaky görkezmeleriniň durmuşa geçmegine köp itergi berdi. Mundan başga-da bu kanunda ilkinji gezek biziň her birimiziň daşky gurşawyň ýagdaýy barada ygtybarly maglumat almaga, ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyklar netijesinde saglygymyza we emlägimize ýeten zyýanyň öweziniň doldurylmalydygy baradaky düzgün berkidilýär.

– Adamyň, onuň saglygynyň döwletimiziň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul edýän kanunlarynyň üns merkezinde bolmagy diýseň adalatly. Eýsem-de bolsa, köplenç dürli edaralaryň we hojalyk kärhanalarynyň daşky gurşawa belli bir derejede zyýan ýetirýändikleri bize mälim. Täze kanun şular babatynda nämeleri göz öňünde tutýar? 

– Täze kanunyň esasynda goýlan döwlet syýasaty we kadalar ekologik howpuň derejesiniň meýilnama boýunça endigan peseldilmegini göz öňünde tutýar. Bu, eger şeýle diýmek bolýan bolsa, «hemişe işleýän» az sanly kanunlaryň biridir. Onuň esasynda daşky gurşawa gönüden-göni ýa gytaklaýyn täsir edýän hojalyk işleri subýektlerine bildirilýän talaplar goýlan. Eger olar tarapyndan howpuň ýüze çykmak mümkinçiligi bar bolsa, onda tebigaty goraýyş we hukuk organlaryna olaryň işiniň bar bolan talaplara laýyk gelip-gelmeýändigini barlamaga hukuk berilýär.

– Ekologiýa howpuň derejesi näme bilen kesgitlänýär we bu pudakda kanunyň bozulandygy üçin nähili jogapkärçilik göz öňünde tutulan? 

– Ekologiýa howpuň derejesi Türkmenistanyň “Ekologiýa auditi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, auditiň kömegi bilen kesgitlenýär. Bu ýagdaýda resminamalar, dürli sertifikatlar we ş. m. barlaga degişli bolýar. Kanun boýunça, daşky gurşawa, ilatyň saglygyna we emlägine zyýan ýetiren şahslar ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde ödemelidirler. Mundan başga-da, kanuny bozan ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň hojalyk ýa-da beýleki işlerini çäklendirmek, togtatmak, ýatyrmak ýa-da ugruny üýtgetmek barada karar kabul edilip bilner.

 «AA» habarçysy


Последние новости