Ï Sişenbede Bütindünýä okeanlar güni bellenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sişenbede Bütindünýä okeanlar güni bellenýär

view-icon 3178

Sişenbe güni Bütindünýä okeanlar güni bellenýär: BMG bu düzgüni bütin dünýäniň ünsüni gidrosfera bilen baglanyşykly meselelere çekmek üçin, 2008-nji ýylda girizipdi. Bu meseleler howanyň üýtgemegi, balyk gorlarynyň azalmagy we plastikiň astyndaky suwuň hapalanmagydyr. Ýewropa Birleşiginiň Geňeşinde ýolbaşçylyk edýän Portugaliýa bu babatda «Ýaşyl ugruň çäklerinde mawy gün tertibi» diýip taslamalasyny hödürledi. Ol Ýewropanyň we tutuş dünýäniň ykdysadyýetini dikeltmek üçin okeanlaryň ähmiýetini nygtamalydyr.

«Bu gün okean diňe bir mesele bolman, eýsem, ençeme meseleleriň çözgüdine-de öwrülip biler: gazylyp alynýan çeşmeleriniň ornuny tutup biljek dikeldip bolýan energiýa çeşmeleri. Wagta garamazdan biz gazyp çykarmak syýasatyndan, öndürmek syýasatyna geçmeli bolarys. Emma syýasy kararlary jemgyýetsiz kabul emek bolmaz, şonuň üçinde, eger biz bu kararlaryň ylmy taýdan esasly bolmagyny islesek, jemgyýetimiz sowatly we bilimli bolmalydyr», – diýip, Portugaliýanyň deňiz ministri R.S.Santuş hasap edýär.

Indiki ýyl Portugaliýada BMG-niň goragynda okeanlar boýunça bütindünýä konferensiýasy geçmeli. Ol fewral aýyna meýilleşdirilipdi, ýöne epidemik ýagdaý zerarly forumy soňa goýmak kararyna gelnipdi.