Aşgabatlylar üçin täze awtobuslar we ugurlar

eye
754
Aşgabatlylar üçin täze awtobuslar we ugurlar

Gündelik durmuşda jemgyýetçilik ulagyndan yzygiderli peýdalanýan aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary soňky wagtda ulag gatnawynyň gyzgalaňly sagatlarynda hem awtobusa garaşyp, topar tutup duran ýolagçylaryň ýokdugyny bellemän bilmezler. Paýtagtymyzyň awtobuslarynyň gatnaw ugurlary rahat şertler döredilen duralgalar bilen üpjün edilen. Şeýle-de bolsa, «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň işgärleri awtobusa garaşmak babatynda-da, olaryň ugurlar boýunça hereketleri babatynda-da ýolagçylar üçin iň gowy şertleri döretmek ugrunda dyngysyz iş alyp barýarlar.

Hut şu meseleler «Hyundai ALL New super Aero City» kysymly döwrebap we rahat awtobuslary işe girizmegiň öňýanynda «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň Aşgabat şäher awtoulag kärhanasynyň hünärmenleriniň öňünde ör-boýuna galyp durdy.

Şol güne şäherliler-de, awtobus sürüjileri-de sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Birinjiden, awtoulagyň goşmaça mukdary gatnaw ýygylygyny artdyrýar we bu ýolagçynyň barjak ýerine tiz ýetmegini üpjün edýär. Ikinjiden, awtoulag kärhanalarynyň hünärmenleri täze kiçi etrapçalarda ýaşaýan ýolagçylaryň garaşan goşmaça ugurlaryny işläp düzüpdirler. Bu ugurlar gür ilatly «Parahat» kiçi etrapçasyndan «Altyn Asyr» Gündogar bazaryna we Gurtly şäherçesine tarap ýöneleýärler.

400 täze awtobusyň ulanylyşa dabaraly berilmegi şäheriň 140 ýyllyk toýuna gabatlandy. Täze şäher desgalarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy hem şäherlilerde hem-de sürüjilerde üýtgeşik baýramçylyk keýpini döretdi.

Şol gün awtobus sürüjileri-de öz tarapyndan ýolagçylara özboluşly sowgat etdiler: şäheriçi ulagynda gatnaw mugt boldy.

Täze ugurlara awtoulag kärhanasynyň iň gowy sürüjileri ugradyldy. Meselem, «Parahat – Gurtly» (23-nji) ugrunda ýolagçylara hyzmat etmek awtoulag kärhanasynyň iň gowy sürüjileriniň biri Maksatmyrat Orazmämmedowyň paýyna düşdi. Ýolagçylaryň diňe alkyşlaryna mynasyp bolmak bilen, ol indi on ýyldan gowrak wagt bäri paýtagtymyzda awtobus sürýär we kärhanada iň gowularyň biri hasap edilýär.

Täze awtobuslaryň hilini we rahatlygyny eýýäm şäherliler-de, sürüjiler-de synap gördüler. Awtokärhanada bary-ýogy üç ýyl işleýändigine garamazdan, Wepa Abaşow-da M. Orazmämmedow ýaly iň gowy sürüjilerikň biri hasaplanýar. Wepa täze ýolagçy awtobusyna «Örän rahat» diýip baha berýär. Öňüni we yzyny görkezýän wideokameralar bilen üpjün edilen awtobuslar rahatlygy, dolandyrmagyň ykjamlygy, energiýa netijeliligi, şeýle hem ekologik zyýansyzlygy bilen tapawutlanýarlar. Awtobuslarda GPS ulgamynyň oturdylmagy we ýol tölegini nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiliginiň bolmagy aýratyn dykgata mynasypdyr.

Häzir Aşgabadyň awtoulag kärhanasynyň hünärmenleri internet mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly täze hyzmat görnüşlerini girizmegiň ugrunda iş alyp barýarlar. Mysal üçin, sürüjilere ýörite ştrih-kodlar bilen üpjün edilen ýol hatlarynyň berilmegi göz öňünde tutulýar. Awtobuslaryň hereket edýän wagty we ugurlary ýörite websaýtda görkeziler, bu bolsa ulagyň duralgalara gelýän wagtyny has takyklaşdyrmaga we öňünden bilmäge mümkinçilik berer. Aşgabatlylar bolsa öz gitjek ýerlerini, iş günlerini şäher awtoulagynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, öňünden meýilleşdirip bilerler.

«AA» habarçysy

Последние новости