Ï Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly

view-icon 5675
Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly
Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly
Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly
Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleriniň hatarynda tanalýan, ussat, halypa artisleriň biri Muhammet Bekiýew barada gürrüň etmek örän ýakymly.

Bu günki gün ussat, halypa artist Muhammet aganyň 70 ýaşy dolup, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda Gahryman Arkadagly eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Muhammet Bekiýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 1951- nji ýylyň 10-njy martynda işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň Baýramaly şäheriniň kitaphanasynda kitaphanaçy bolup ilkinji zähmet ýoluna gadam basýar.

Muhammet Bekiýew 1968-1973 ýyllarda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki Şepkin adyndaky ýokary teatr uçilişesinde bilim alýar. Ol bu okuw jaýyny tamamlanyndan soňra Aşgabat şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň (häzirki Alp Arslan teatry) aktýory bolup işe başlaýar. Muhammet Bekiýew ýaşlygyna garamazdan teatr sungatynyň inçe syrlaryna barha çuň aralaşyp, barha kämilleşmek maksady bilen arman-ýadaman zähmet çekdi.

Muhammet Bekiýew dürli ýyllarda dürli ýerlerde zähmet çekmek bilen has-da kämilligini artdyrýar. Ol Marynyň halk teatrynyň aktýory, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň artisti bolup işlemek bilen özüniň iş tejribesini ýaşlara hem yzygiderli öwredip gelýär.

2001-2009 ýyllarda Muhammet agany Türkmenistanyň Alp Arslan teatrynyň sahna ussady hökmünde tanaýarlar. Onuň döredýän keşplerinde özboluşly tebigylyk, şeýle – de özüne çekijilik bar. Muhammet aganyň teatr sahnasynda döredýän keşpleri tomaşaçylary biparh goýmaýar. Muhammet aga birnäçe teatr sahnalarynda ençeme spektakllarda baş keşpleri janlandyrdy we şu günlerde hem baş keşpleri döretmegi oňa ynanýarlar.

Muhammet Bekiýew kino sungatynda hem ençeme ýatdan çykmajak çeper keşpleri döretdi. Dowženko adyndaky kinostudiýanyň «Böwüsgin» filiminde türkmen ýaşulusynyň keşbini döredýär we Mosfilimiň «Ölüm kerweni» atly filminde surata düşüpdir. Bu sahna ussady 1991- nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Oňa 1993 -nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hem gowşurylýar.Türkmen kino sungatynyň dublýaž ugrunyň kämilleşmeginde bolsa özüniň mynasyp goşandyny goşan halypalaryň biri hökmünde tanalýar.

Muhammet aga 400 –den gowrak kinofilimlerdir, ýaş -çagalar üçin multifilmlerde ses beren artistleriň biri hasaplanýar. Tukmen kino sungatynda «Ýylanly ada», «Gyzykly gezelenç», «Öwrüm», «Mukam» ýaly ençeme kinofilimlerde dürli keşpleri janlandyryp, surata düşýär.

«Akylla-da pul gerek,akmaga-da pul gerek» diýen aýdymy aýdyp, «Keremli söz» çeper filiminde ol bir pukara derwüşiň keşbini döredýär. Muhammet Bekiýewiň durmuşynda ýene-de bir şatlykly waka bolup geçýär. Ol 2008- nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew badtly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda milli sungatymyzyň pajarlamagy bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza ähli sungat işgärleri bilen birlikde Muhammet aganyň hem kalbynda alkyş sözleri tükeniksiz.

Azady MYRADOW, žurnalist