Merkezi Aziýa döwletleri ýakynlaşma ugruny saýladylar

eye
696
Merkezi Aziýa döwletleri ýakynlaşma ugruny saýladylar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglary institutynyň direktory Eldor Aripow Merkezi Aziýa döwletleri jebisleşme ugruny saýladylar diýip pikir edýär. Özbek KHS-niň habaryna görä, ol Moskwada geçirilen VII «Primakow okaýyşlary» halkara ylmy-bilermenler forumynda «Häzirkizaman wehimleri» temasyndan çykyş etdi.

Aripowyň aýtmagyna görä, «dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýan esasy forumlaryň birinde Merkezi Aziýa aýratyn mejlisiň bagyşlanmagy sebitiň artýan ähmiýetine, oňa berilýän ünse şaýatlyk edýär».

Bilermeniň pikirine görä, sebit hyzmatdaşlygy babatda Merkezi Aziýa häzirki wagtda 5 ýyl mundan ozalkysyndan güýçli tapawutlanýar, ýylsaýyn sebit ýakynlygy artýar. Aripow «sebitde bäsleşikmi ýa-da hyzmatdaşlyk diýen mesele indi aradan aýryldy, hyzmatdaşlyga tarap ugur alyndy» - diýip pikir edýär.

Çäre Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Ýe.M. Primakow adyndaky Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary instituynyň Halkara söwda merkezi we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasynyň bilelikde guramagynda geçirili. 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän abraýly halkara forumynda dünýä ykdysadyýetiniň, syýasatynyň we halkara howpsuzlygynyň has ýiti meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Последние новости