Ï Ylym — döwletiň ösüşiniň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym — döwletiň ösüşiniň binýady

view-icon 6727

Iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 70 ýyl dolýar. Ol 1951-nji ýylda SSSR YA-nyň Türkmenistan şahamçasynyň esasynda respublikanyň tebigy we jemgyýetçilik ylymlary pudagynda ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylygy we utgaşdyrmagy amala aşyrýan iň ýokary ylmy edara hökmünde döredildi. Geçen döwrüň dowamynda ylymlaryň dürli ugurlary boýunça milli mekdepleri döretmäge, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamaga Ylymlar akademiýasynda zähmet çeken tanymal alymlar özleriniň ägirt uly goşantlaryny goşdular.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda filosofiýa, taryh we hukuk, arheologiýa, etnografiýa, psihologiýa, edebiýaty öwreniş we halk döredijiligi, dil bilimi we Gündogary öwreniş ylymlary boýunça köp sanly işler taýýarlanyp, neşir edildi. TYA-nyň ylmy institutlary fizika, himiýa, biologiýa, tehniki we oba hojalyk ylymlaryny ösdürdiler. Türkmen alymlary geologiýa, geofizika we seýsmologiýa pudaklarynda ylmy-derňew işlerini alyp bardylar we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

Birnäçe ugurlar boýunça türkmen ylmy uly ösüşlere eýe boldy. 1960-njy ýyllardan bäri üstünlikli ösýän geliotehnika Gün energiýasyny oba hojalygynda ulanmak boýunça Türkmenistany geotehniki barlaglaryň sazlaýyş merkeziniň derejesine çykardy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller institutynyň işi diňe ýurdumyzda däl, eýsem halkara ähmiýete-de eýedir. Umuman, düýpli we amaly ylymlarda gazananlary üçin 1976-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy “Halklaryň dostlugy” ordeni bilen sylaglandy.

Bu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy täze wezipeleri, şeýle hem ylmyň dolandyrylyşyna we maliýeleşdirilişine täzeçe çemeleşmeleri talap edýän hil taýdan täze derejede iş alyp barýar. Olar Watanymyzyň ylmyny bazar ykdysadyýeti şertlerine uýgunlaşdyrmak, ylmy-tehniki we derňew işlerine itergi berýän ykdysady ulgamyny döretmek, amaly derňewleri ösdürmek we önümçilige innowasion täzelikleri ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bilimiň sanlylaşdyrylmagynda we onuň hakyky ykdysadyýetiň talaplaryna golaýlaşdyrylmagynda, önümçilige innowasion häsiýeti bermekde ylma möhüm wezipe degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, XXI asyrda Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetindäki orny we roly köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň derejesi, öz tehnologiýalaryny döretmek we netijeli ýaýratmak, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylmy tutumly tehnologiýalaryny giňden ulanmak ukyby, ýurduň täze tehnologiýalaryň dünýä bazarynda eýeleýän ornunyň derejesi bilen kesgitlenmelidir. Iň gowy dünýä tejribelerini ulanmak üçin ähli şertleri döretmek bilen, döwlet alymlar doly innowasion taslamalary işläp düzmäge, pudaklaýyn ylmy-derňew institutlarynyň ugurdaş hünär berýän ýokary okuw jaýlary we ykdysady kärhanalary bilen gatnaşyklaryny berkitmäge, ýurduň intellektual emlägini döretmäge gönükdirýär.

Ogulgözel Rejebowa