Ï “Saglyk” Döwlet maksatnamasy: halk bähbitli täze başlangyçlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy: halk bähbitli täze başlangyçlar

view-icon 27307

Şu gün paýtagtymyzda saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň 2021-nji ýyldaky I mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen guralan çärä, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem şäher hassahanasynyň we saglyk öýleriniň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek hakyndaky”, “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Kanunynyň taslamalary ýaly temalarda çykyşlar we wideo-tanyşdyryşlar edildi. Şeýle hem häzirki wagtda esasy ileri tutulýan ugurlardan biri bolan sanly saglyk ulgamlaryny ornaşdyrmagyň taraplary meselesini gözden geçirdiler.

Gatnaşyjylar “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda göz öňünde tutulan täzelikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Maksatnamanyň “Giriş” babynda BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň saglygy goraýyş bilen bagly maksatlaryna salgylanyp, onuň görkezijilerinden ugur alnandygy hem nygtaldy.

Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli tapgyrynda goramak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşy bilen baglylykda döreýän keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini kämilleşdirmek – Geriatriýa gullugynyň işini ýola goýmak ýaly täze garaýyşlar orun alýar.

Ondan başga-da, maksatnama agyr, uzak wagtlap bejeriş-öňüni alyş kömegine mätäç näsaglara Palliatiw saglygy goraýyş kömegini bermek, gender deňligini göz öňünde tutup, “Erkek adamlaryň saglygy” diýen täze bölümçede erkek adamlaryň saglygyna androlog lukmanlary tarapyndan gözegçilik edilmegi, genom lukmançylygyny ösdürilmegi ýaly meseleler hem goşuldy. Şeýle hem, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmak meselesi Maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna goşuldy.

26-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Maksatnamanyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Mähri Ýagmyrowa