CNPC Türkmenistanda BAE-niň kompaniýanyň gurluşygyny tamamlamadyk üç sany gaz guýusyny gurup gutarar

eye
651
CNPC Türkmenistanda BAE-niň kompaniýanyň gurluşygyny tamamlamadyk          üç sany gaz guýusyny gurup gutarar

Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC» kompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň tamamlamadyk gurluşygyny ýerine ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ugam arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Mejlisde «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak baradaky» resminamanyň taslamasy wise-premýer Şahym Abdyrahmanow tarapyndan hödürlenidi. 

Bu resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirilmek boýunça alyp barýan işleriniň çäginde «CNPC» bilen aýratyn çylşyrymly üç guýynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we işe girizilmegi boýunça hyzmat görkezmek barada şertnama baglaşylar. Şertnama boýunça hasaplaşyklar Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz iberilmeginiň hasabyna amala aşyrylar.

Bu resminama «Türkmengaz» döwlet konsernine gurluşygy BAE-niň «Gulf Oil & Gas FZE» kompaniýasy tarapyndan başlanyp, doly soňlanmadyk üç sany gaz guýusynyň gurluşygyny we ulanylyşyny tamamlamak üçin CNPC bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýär. Ähtnamany ýerine ýetirmegiň möhleti 30 aý.

Последние новости