Ï Britaniýaly kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit önümlerini ýurt daşyna ibermek üçin gämi duralgasyny gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Britaniýaly kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit önümlerini ýurt daşyna ibermek üçin gämi duralgasyny gurar

view-icon 2447

 Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini daşary ýurtlara ibermek üçin gämi duralgasyny gurar. Türkmen nebit önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna üznüksiz iberilmegini üpjün etmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde degişli karara gol çekdi. 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnamany gämi duralgasyny 30 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Milli Lideriniň görkezişi ýaly, ilkinji nobatda TNGIKT-ne berilýän çig nebitiň möçberini artdyrmaga, sebitdäki iň uly nebiti gaýtadan işleýän kärhananyň öndürýän önümleri üçin satyş bazarlarynyň geografiýasyny giňeltmek, onuň içerki we daşary ýurtly sarp edijilere öz wagtynda iberilmegini üpjün etmek meselesine üns berilmelidir.