Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy

eye
545
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy

Energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerine baý Merkezi Aziýa dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmagyň we energiýa peýdalylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejili, pes uglerodly, klimatyň özgermegine durnukly ykdysadyýete geçmek ýolunda halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr. Milli energetika strategiýalarynyň täze şertlere we döwrüň talaplaryna, energetika babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uýgunlaşmagynda sebitiň ýurtlary halkara, hususan-da, USAID – düýnäde esasy ABŞ-nyň halkara ösüşi agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Meselem, USAID-iň 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli «Merkezi Aziýanyň energetikasy» taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisine – Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana olaryň eregetika howpsuzlygy babatda milli hem-de sebit ileri tutulýan ugurlaryna ýetmäge, şeýle hem elektrik energiýasynyň sebit söwdasyndan ykdysady taýdan peýda görmäge ýardam edýär.

Bu taslamanyň çäklerinde USAID milli hökümetlere, kärhanalara we gyzyklanýan taraplara, şol sanda ösüş boýunça halkara edaralaryna hem-de guramalaryna, ulgam operatorlaryna, ýerli we halkara maýadarlaryna tehniki kömek berýär. Şeýle halkara taslamalary Merkezi Aziýada arassa energiýa geçmegi çaltlandyrmaga, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga we bäsdeşlige ukyply bazarlary döretmäge ýardam edýär. 

  Ogulgözel Rejebowa

Последние новости