Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 2642

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan halklarymyzy ýakynlaşdyrýan bu mukaddes baýramyň parahatçylyk we abadançylyk getirmegini dileýärin.

Gadyrly doganym, Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk dileg edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň beýik baýramy — Gurban baýramy mynasybetli gutlaýaryn.

Goý, ynamy we akyl-paýhasy, döredijiligi hem-de rehimdarlygy şöhlelendirýän Gurban baýramy yslam dünýäsiniň agzybirligini hem-de rowaçlygyny pugtalandyrsyn! Goý, Beýik Biribar Size abadançylyk eçilsin!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, maşgalaňyza bagtyýarlyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Musulman ymmatynyň gymmatly ruhy mirasy bolan bu baýram ýagşylygyň, agzybirligiň, rehimdarlygyň hem-de jebisligiň çäksiz gymmatlyklaryny paýlaýar.

Goý, duýgudaşlyga, sabyrlylyga çagyrýan Gurban baýramy halklara parahatçylyk we durnuklylyk eçilsin!

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklarynyň hatyrasyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde pugtalandyrjakdygymyza hem-de ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny nurana Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Uzak asyrlaryň dowamynda yslamyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, bitewülik we özara düşünişmek, haýyr-sahawatlylyk hem-de goldaw bermek ýaly belent gymmatlyklarynyň beýany bolan mukaddes Gurban baýramy musulman ymmatynyň ruhy hazynasynda aýratyn orun eýeleýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky bu belent ruhy gymmatlyklara esaslanýan dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size bagtyýarlyk, berk jan saglyk we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Beýik Biribardan doga-dilegler edilýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!

Rehim-şepagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk baýramynyň musulman ymmatynyň Beýik Biribara ýakynlaşmagyna ýene-de bir ädim ätmegine ýardam etjekdigine hem-de kämillik ýoluna düşjekdigine ynanýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk dileg edýärin.

Hasan Ruhani,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Gurban baýramy dünýäniň ähli musulmanlary üçin bitewüligiň hem-de agzybirligiň baýramydyr.

Biziň doga-dileglerimiziň kabul bolmagyny, bu mukaddes baýramda tutuş musulman ymmatyna parahatçylyk we abadançylyk eçilmegini Beýik Biribardan dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Mohammad Aşraf Gani,

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Meniň gutlaglarymy we tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Yragyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Yragyň biziň dostlukly halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky dürli ulgamlardaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklaýaryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Barham Saleh,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy we berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin!

Şu şatlykly baýramda Beýik Biribardan dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa Al Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordan Haşimit Patyşalygynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Abdullah II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamagy hormat hasaplaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatynyň mukaddes Gurban baýramyny bagtyýarlykda hem-de abadançylykda geçirmegini dileýärin.

Haýsam Bin Tarik,

Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize şatlykly Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna hem-de Siziň ýurduňyza mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,

Kuweýt Döwletiniň Emiri.