Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 5212

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, ynsany hoşniýetlilik, rehim-şepagatlylyk hem-de birek-birege goldaw bermek ýaly belent gymmatlyklara çagyrýan bu mukaddes baýram bereketden we rowaçlykdan doly bolsun!

Halklarymyzyň asylly işleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyna hem-de mukaddes Gurban baýramynyň ähli musulmanlara haýyr-sahawat we hoşniýetlilik getirmegine umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Askar Mamin,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed bin Raşid Al-Maktum,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize uly kanagatlanma duýgusy bilen tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammed bin Zaýed Al-Nahaýan,

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň

Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Şanly wakanyň — mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende örän uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty güýçli Allatagaladan berk jan saglyk hem-de bagt, ähli musulman halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk we haýyr-sahawatlylyk dileg edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mansur bin Zaýed Al-Nahaýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler 

Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, 

Prezidentiň işleri boýunça ministr.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sahawatly Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan biziň ählimiz üçin rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Turki ben Muhammed ben Fahad 

ben Abdul-Aziz,

Döwlet ministri, Saud Arabystanynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ähli musulman dünýäsi tarapyndan giňden bellenilýän, haýyr-sahawatlylykdan, söýgüden, döredijilikden hem-de hoşniýetlilikden doly bu baýramyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ruhy gymmatlyklaryň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikler, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa agzybirlik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nursultan Nazarbaýew,

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji 

Prezidenti — Ýelbasy.