Ï «Maksada okgunly»: öý guşlaryny köpeltmegiň täze tehnologiýalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Maksada okgunly»: öý guşlaryny köpeltmegiň täze tehnologiýalary

view-icon 8734
«Maksada okgunly»: öý guşlaryny köpeltmegiň täze tehnologiýalary

“Maksada okgunly” hususy kärhananyň hindi guşlaryny köpeltmek toplumynda 12 müň jüýje saklamak üçin niýetlenen üç sany ketegiň gurluşygy tamamlandy. Olar Germaniýanyň “Prollage Systeme CmbH” we “Witte Anlagenbau CmbH. & Co. KS” şereketleriniň iň täze döwrebap enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, jaýyň içiniň mikroklimatyny, guşlara iýmdir suw bermek, şeýle hem agramyny çekmek işini kadalaşdyrýan köp maksatly ýeke-täk merkezi kompýuter tarapyndan dolandyrylýar.

Telekeçiler şol bir wagtyň özünde guş etini we önümçilik galyndylaryny düýpli gaýtadan işlejek bölümiň gurluşygyny-da tamamladylar. Hindi guşlary üçin ýörite iým hut şu kärhanada öndüriler. Öňdebaryjy Ýewropa tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, bu guş toplumy ýylda 11000 tonna hindi guşunyň etini öndürip bilýär.

Gökdepe toplumy bu guşlary köpeldýänleriň kerwenbaşysy bolmak bilen, Türkmenistanda hindi etiniň senagat önümçiligini we gaýtadan işlenmegini guran ilkinji kärhanadyr. Şereketiň utgaşdyryjysy Maksat Ybraýymowyň düşündirişi ýaly, bu toplumyň esasynda guş etini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň täze pudagy döredilýär. «Halallama» bölümde Fransiýada, Polşada we Italiýada öndürilen enjamlar ulanylýar. Awstraliýadan getirilen ýörite enjamlaryň kömegi bilen bu ýerde etli nygmatlaryň elliden gowragynyň, şeýle hem guş etinden köp mukdarda ýarym taýýar önüm öndürilişi özleşdirilipdir.

«Maksada okgunly» ilkinji bolup, ýurda hindi towugynyň ýumurtagysyny getirmegi gurnady. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň hasabyna inkubasiýa toplumy guruldy we ýylda 730 müň jüýje çykarmaga, şeýle hem 13,800 tonna diri guş almaga mümkinçilik berýän Belgiýada öndürilen dört innowasion inkubator satyn alyndy.

Şu ýyl telekeçiler Fransiýanyň ýumurtga bilen yzygiderli üpjün edýän “Aviagenturkeys” şereketi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirdiler. «Maksada okgunly» üpjün edijiler bilen bilelikde ýerli hindi tohumlaryny seçip almagy amala aşyrmak bilen, milli hindi guşçulygynyň düýbüni tutýar. Şu ýyl olar fransuzlardan satyn alnan organiki hindi towuk ýumurtgalaryndan öz inkubatorlarynda takmynan 12 müň jüýje çykardylar. Ýetişen guşlaryň bir bölegi meýdanda bakylmaga geçirildi. Şu maksat bilen telekeçiler (hersi bir gektar ýer tutýan) iki sany agyl – organiki hindi towugyny ösdürip ýetişdirmek üçin, ýorunja ekilen guş jaýyny gurdular. Bu şol bir wagtyň özünde dört müň baş ýokary öndürijilikli guşy açyk biologik gurşawda saklamaga we ösdürmäge mümkinçilik berer.

Şereketiň hünärmenleri guşçular üçin okuw ulgamyny işläp düzdüler. Toplumda okuw topary döredildi, onda otuz töweregi hususy hojalygyň wekilleri guşlary öri meýdanda ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi bilen tanyşýarlar.

Guş şeýle şertde saklananda, onuň özüne düşýän gymmaty mülkdar hojalygynda semredileninden dört esse az, onuň etiniň ýokumlylyk häsiýetiniň we bazardaky bahasynyň has ýokary bolýandygy hasaplanypdyr. Meýdanda ýa-da agylda bakylýan organiki hindi towugy has az maýa goýumyny talap edýär, ýöne mülkdar towugy ýaly girdejilidir we et bilen durnukly üpjün edýär.

Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň mülkdarlarynyň döreden möwsümleýin guşhanalary hindi guşlaryny ekin meýdanlarynda saklamaga we tebigy iýmit bilen ösdürip ýetişdirmäge, netijede ýokumlylygy ýokary, kaloriýalylygy az bolan (beýle häsiýet başga hiç etde ýokdur) berhiz etini öndürmäge mümkinçilik berýär .

Häzirki wagtda hindi guş etiniň önümçiligine hem mülkdaryň, hem kiçeňräk hususy hojalyklaryň syny barha köp oturýar.

Wladimir Komarow