Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gadyrly doganym!

Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Musulman ymmatynda bu baýram aýratyn dabara bilen bellenilip geçilýär.

Biziň berk syýasy erk-islegimiziň hem-de bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Soňky ýyllarda ýokary derejede geçiren gepleşiklerimiziň hem-de gazanan ylalaşyklarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de doganlyk halklarymyzyň rowaçlanmagyna ýardam edýändigini nygtamak isleýärin.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Gurban baýramy mynasybetli gutlaýaryn.

Goý, Beýik Biribar Size hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagt, şatlyk we abadançylyk eçilsin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

Последние новости