Adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goramak bilen baglanşykly meselelerde netijeli kommunikasiýa – okuwyň baş temasy

eye
682
Adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goramak bilen baglanşykly meselelerde netijeli kommunikasiýa – okuwyň baş temasy

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goramak bilen baglanşykly meselelerde netijeli kommunikasiýa boýunça okuw gurady.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezinde habar bermeklerine görä, 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda iki günlük onlaýn okuw başlandy. Ony ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goramak bilen baglanşykly meselelerde döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we KHS bilen gatnaşyklarda mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam etmek maksady bilen gurady.

Okuwa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Mejlisiň, Goranmak ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we beýleki esasy döwlet edaralarynyň, döwlet hem-de hususy KHS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Gyrgyzystanly we ysraýylly halkara bilermenler öz ýurtlarynyň tejribesi barada gürrüň berdiler, saglyk barada maglumatlary ýaýratmagyň bütewi kanalyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny hem-de ýalan maglumatlaryň öňüni almagyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem maglumatlary ýaýratmagyň netijeli kanallary, döwlet edaralary bilen KHS-niň özara gatnaşyklary ýaly temalara deglip geçildi.

« COVID-19 ählumumy pandemiýasy tutaşandan soň döwlet gurluşlary raýatlarynyň saglygy we abadançylygy bilen baglanşykly çylşyrymly meseleleri çözmekde täze wehimlere duçar boldular -diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilýam Lif sözüni dowam etdi -Şonuň üçinem jemgyýetçiligiň döwlet edaralary bilen gatnaşyklary örän wajypdyr, şunda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hökümet bilen jemgyýetçiligi baglaşdyryjydyr».

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow

Последние новости