Bütindünýä medeni gatnaşyklar maksatnamasy çagyrýar

eye
899
Bütindünýä medeni gatnaşyklar maksatnamasy çagyrýar

Bütindünýä medeni gatnaşyklar maksatnamasy-2021-e (Global Cultural Relations Programme-2021) gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär.

Bütindünýä medeni gatnaşyklar maksatnamasy halkara medeni gatnaşyklar pudagyndaky täzelikçiler üçin ajaýyp mümkinçilik döredýän Medeni gatnaşyklar meýdançasynyň iň esasy okuw meýilnamasydyr. Ol uly yhlas bilen döredilen interaktiw okuw we dünýäniň dürli künjeginden bolan hünärmenler bilen özara gatnaşyk maksatnamasy arkaly halkara medeni gatnaşyklarda başarnyklaryň ösmegine ýardam edýär.

Medeni gatnaşyklar meýdançasy ÝB-niň halkara medeni gatnaşyklaryna gatnaşmagyna goldaw bermek niýeti bilen döredilip, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamadyr. Onuň wezipesi medeni gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem durnukly medeni alyş-çalşygy ösdürmek arkaly ÝB-niň hyzmatdaş ýurtlardaky dürli gyzyklanýan taraplar bilen konstruktiw aragatnaşyk gurmak ukybyny güýçlendirmekdir. Ol 2020-nji ýylyň aprelinde işe girizildi.

Okuw 15 ‒ 30-njy noýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Arzalar 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Taslama gatnaşmak üçin, degişli soragnamany doldurmaly, öz hünär tejribäňiz barada maglumat bermeli we ýokarda berlen ülňülere nähili laýyk gelýändigiňizi düşündirmeli.

Soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi Halkara medeni gatnaşyklara (ICR) ünsi ep-esli güýçlendirdi.

2016-njy ýylda “ÝB-niň halkara medeni gatnaşyklar pudagyndaky strategiýasy” işlenip düzüldi. Şol ýyl hem ÝB guramalaryna bu täze strategiýany durmuşa geçirmekde goldaw bermek üçin, Ýewropa Komissiýasynyň daşary syýasat gurallary gullugy tarapyndan Medeni diplomatiýa meýdançasy işe girizildi.

2018-nji ýylyň maý aýynda Ýewropa Komissiýasy medeniýet pudagynda täze Ýewropa gün tertibini kabul etdi.

“Medeniýet gepleşikler, özara düşünişmek we ýalňyş düşünjeleri ýeňip geçmek üçin örän möhüm guraldyr” diýip, ilçi, ÝB-niň BMG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary Silwio Gonzato belledi.

Aýjahan Ataballyýewa

Последние новости