Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 3691

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän we ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleriň netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.

Şeýle hem wise-premýer Ýokary gözegçilik edarasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndaky degişli Kararyna laýyklykda, ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklaýandygy barada hasabat berdi. Gurluşyk işleriniň hil derejesi hemişelik üns merkezinde durýar.

Şu ýylyň 6-njy sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler bar. Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny seljermegi dowam etmek hem-de emele gelýän ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini anyk kesgitlemek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwletimizi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berer.

Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmek üçin köp mukdarda maliýe serişdelerini çekmegiň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda maksatnamalaýyn işleri alyp barmagy we ilkinji nobatda, döwlet serişdeleriniň möçberlerine hem-de onuň netijeli peýdalanylyşyna berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň hem-de nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada maglumat berildi. Benzin öndürmek boýunça meýilnama 107,5 göterim, polipropilen önümçiliginiň meýilnamasy 109,7 göterim, tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 122,1 göterim, mawy ýangyjy eksport etmegiň meýilnamasy 133,6 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 102,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bu ugurda öňde durýan anyk wezipeler barada aýdyp, nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli ylmy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda alymlar bilen bilelikde maslahat geçirip, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, nebitiň baý gorlary bolan geljegi uly känleriň mümkinçiliklerini seljermek, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belläp, olary doly güýjünde işletmek bilen baglanyşykly meseleleri degişli derejede çözmegi tabşyrdy.

Nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri doly seljermegi we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — awgust aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 117,6 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişi, degişlilikde, 116,8 göterim hem-de 104,4 göterim, tikin we örme önümleri boýunça 121,8 göterim, gön önümleri boýunça 104,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 155,2 göterime deň boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda birža söwdalarynyň 198-si geçirilip, şolarda 20 müň 866 şertnama bellige alyndy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,7 göterime deň boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümçiligi boýunça bolsa 107 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösdürilmegine ýardam bermek, häzirki zaman işewürlik ulgamyny döretmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň möçberlerini artdyrmakda usulyýet goldawyny bermek, şeýle hem harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we usullaryny gözlemäge ýardam bermek boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat hem-de energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de gurluşyk-senagat pudagynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,2 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda bellenilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,9 göterim berjaý edildi.

Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,4 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 111 göterime, ony eksport etmegiň ösüşi bolsa 135,8 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni önümleri öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 136,2 göterim berjaý etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 165,8 göterim derejede amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, geljek ýylda ýurdumyzda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny belledi hem-de gurluşyk senagatynyň ösdürilmegine, täze önümhanalaryň hem-de kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek üçin ähli önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işlemegini gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we senagat pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlarynyň çekilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň boldy. Şol sanda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 109,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 130,3 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer 13-14-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisine hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir möhüm möwsümiň — pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň başlanandygyny aýtdy. Bu işleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini köpeldip, daşary ýurtlardan getirilişini azaltmagyň, şonuň ýaly-da, içerki bazarlarymyzy özümizde öndürilen önümler bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Özbegistanyň birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda, hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek, olary milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek babatda degişli işler geçirildi.

Talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.

Ýylyň başyndan bäri halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen köp sanly onlaýn okuwlar we ylmy maslahatlar guraldy.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglylykda, toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň düzümi kämilleşdirildi.

Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri utgaşykly alnyp baryldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa tassyklanyldy.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň sportunyň gazanan uly üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna, taryhy özgertmelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri bilen teleköpri arkaly maslahatlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ileri tutulýan ulgama maýa goýumlaryny gönükdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, munuň ýaş nesliň sebitleri hem-de tutuş ýurdumyzy dolandyrmak we ösdürmek işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlary goldamak boýunça maksatnamalar toplumyny taýýarlamagyň, eger zerur bolsa, bu maksatnamalara kanunçylyk derejesinde Milli Geňeşiň Mejlisinde garamagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şu meseleleri seljermek hem-de zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli medeni çäreler, şol sanda iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi hem-de 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde çäreler geçirildi. Täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar guraldy, şanly seneleriň hormatyna döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreler görüldi. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň, kitaphanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni gözegçilik edýän ulgamlarynyň öňünde durýan wezipelere çekdi. Bu wezipeler Garaşsyz ýurdumyzda bolup geçýän wakalary köpräk döredijilikli beýan etmekden, baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda öwrediji we gyzykly gepleşikleri köpräk goýbermegiň wajypdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri düşündirmek bilen düýpli meşgullanmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň sekiz aýynda ulag-kommunikasiýa toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — awgust aýlarynda bu toplumda hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça meýilnama 111,9 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe ösüş depgini “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 107,3, “Türkmenawtoulaglary” agentliginde 140, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde 141,1, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 110,6 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.

Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 103,1, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde hem ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işini sazlaşykly, netijeli üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu ulgamyň ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, bu ulgamyň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, agentlikleriň işlerini, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — awgust aýlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça degişli işler geçirildi.

Ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň gelendigi bellenildi. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy. 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hem-de Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy ýurdumyza geldiler.

Hasabat döwründe onlaýn tertipde hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly YHG-nyň XIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde, “Durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagatyň özgerişi” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine hem gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 173-si guraldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 109-syna gol çekildi.

DIM-niň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli guraldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy, “Merkezi Aziýa — Hytaý” we “Merkezi Aziýa — Russiýa” derejesinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk-de sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça yzygiderli pikir alyşmak, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli çäreleri geçirmegiň, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, ýubileý ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda sekiz aýyň dowamynda depginli ösmegini dowam edendigini belledi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklandy. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdepleridir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Bellenen meýilnamalara laýyklykda, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Hasabat döwründe umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamlarynda özgertmeleriň dowam edýändigini, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bazar ykdysadyýetiniň emele gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz ýataklary özleşdirilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Biz şu ýubileý ýyly üçin wezipelerimizi Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda anyk kesgitledik. Bu wezipeler köp işleri amala aşyrmagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine goşmaça itergi bermelidiris. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz esasy wezipeleriň biri barada aýdyp, kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, bu wezipeleriň ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmekden ybaratdygyny belledi. Bütin dünýä şu usulda işleýär we ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, mähriban halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar.

Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şol pudaklar üçin ýaş, sowatly, gujur-gaýratly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly adamlary saýlap almagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli biziň öňümizde birnäçe möhüm çäreler bar. Sentýabr aýynda biz berkarar döwletimiziň baş baýramyny — Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläris, Halk Maslahatynyň mejlisini geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Göreldeli we yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan mynasyp zähmetkeşler döwlet sylaglary bilen sylaglanar. Şeýle hem, ata Watanymyzyň ýubileýine bagyşlap, dabaraly harby ýörişi geçireris. Dekabr aýynda bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk gününi belläris diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi