Ï Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

view-icon 6288

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi.

Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara giňişlikde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär. Biziň döwletlerimiziň arasynda kemala gelen oňyn syýasy gatnaşyklar hem-de diplomatik tejribäniň netijeli gurallary, taryhy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi ähli ulgamlarda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, dürli pudaklarda, şol sanda medeniýeti, syýahatçylygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öz içine alýan ynsanperwer ulgamda köp sanly taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, “...Hazaryň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi kemala geldi, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy. Şoňa görä-de, Hazar biziň öňümizde täze sepgitleri açýar. Hazar hemişe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar”.

Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hyzmat edýär.

Umumy deňiz, diýmek, şonuň bilen baglanyşykly meseleler bilen birleşen Hazarýaka ýurtlar üçin özünde ägirt uly taryhy we etnografik ulgamy, sebitiň halklarynyň hoşmeýilli erk-isleginiň ägirt uly güýjüni jemleýän maglumat ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary bu gün tutuş dünýäde gatnaşyklary ýola goýmakda esasy ugurlar bolup durýar. Şunda geografik aýratynlyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy meselelerini kesgitleýär.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar hem-de iri halkara çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň ugurdaş düzümleriniň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki media önümlerini döretmek we olary ilerletmek wajypdyr.

Bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hazarýaka döwletleriň etnografik aýratynlyklarynyň syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň degişli edaralarynyň arasynda ýokary hilli etnosyýahatçylyk hem-de ekologik serişdeleri döretmäge we alyşmaga degişli maslahatlary hem-de taslama başlangyçlaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Özara gatnaşyklaryň şeýle görnüşi media ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmagyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bularyň ählisi, gürrüňsiz, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýokary hilli maglumat önümini döretmäge ugrukdyrýar. Munuň özi bolsa geljekde hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de bu ulgamda döredijilik işiniň ilerlemegine ýardam eder.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Hazar serhetsiz” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem “FotoHazar” we “Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy” ugurlarynda bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Umuman, bu duşuşygyň geçirilmegi özleriniň täzeliklerini, maglumat-seljeriş materiallaryny we beýlekileri meşhur daşary ýurt serişdelerinde ýerleşdirmegiň hasabyna, milli köpçülikleýin media, şol sanda türkmen media serişdelerini ulanyjylaryň hataryny giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy.