Ï Tebigat gorag astynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigat gorag astynda

view-icon 10417

3 – 11-nji sentýabr aralygynda Marselde Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB/IUCN) nobatdaky Bütindünýä kongresi geçirildi. Kongrese alymlar, raýat jemgyýetiniň wekilleri, syýasatçylar we dürli korporasiýalaryň hem-de halkara konwensiýalarynyň, şol sanda suwly-batgalyk ýerler boýunça Ramsar konwensiýasynyň baştutanlary gatnaşdyalr. Şunuň bilen baglylykda biz Merkezi Aziýanyň Ramsar sebit başlangyjynyň Utgaşdyryjy komitetiniň agzasy, professor E.A. Rustamowdan bu barada pikrini aýtmagy haýyş etdik:

–  Türkmenistan diňe bir Ramsar konwensiýasynyň tarapy bolman, eýsem TGHB-niň hem agzasydyr. Maňa kongreslere iki gezek -1978-nji we 2004-nji ýyllarda gatnaşmak miýesser etdi. TGHB-niň kongresleri – munuň özi janly tebigaty goramak babatda iri çäredir, onuň çäklerinde TGHB-niň Baş assambleýalary geçirilýär.

Tebigaty goramagyň halkara birleşigi 1948-nji ýylda döredildi, häzir onuň 1400 agzasy – ýüzden gowrak döwletden hökmüet we hökümete degişli bolmadyk guramalar, şol sanda Türkmenistan hem bar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti baryp 1978-nji ýylda Aşgabatda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde TGHB-niň XIV Baş Assambleýasy geçirilende TGHB doly derejeli agzalyga kabul edildi. 2018-nji ýylda TGHB Aşgabatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň TGHB agzalygynyň 40 ýyllygyna we onuň düýbüni tutan türkmen akademigi A.K. Rustamowyň doglan gününiň 100 ýyllygna bagyşlap halkara sebit maslahatyny geçirdi.

Marsel kongresi kararnamalaryň we maslahatlaryň 100-den gowragyny kabul etdi. Onda «Tebigat - 2030» umumy at bilen ýakyn ýyllara hereketleriň Meýilnamasy kabul edildi. Meýilnamada Zemin üstüniň 30% ekologik zolaklarynyň goragyny üpjün etmek we has agyr ýagdaýdaky ekologiýa ulgamlarynyň 20% dikeltmek göz öňünde tutulýar, bu olaryň bioköpdürlüligine ýaramaz täsir edýär. Çünki bioköpdürlülik çökgünligi hem howa çökgünligi ýaly agyrdyr. Janly tebigat howanyň ýylamagyna garşy göreşde biziň raýdaşymyzdyr.

Biziň ýurdumyzda-da antropogen ýagdaýlardan ejir çekýän ýerler bar, bu bolsa çölleşmek we howanyň has guraklaşmagy bilen baglanşyklydyr. Şeýle bolsa-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözegçiliginde amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasy öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda ençeme million nahal ekildi, şu ýyl Tokaý maksatnamasy kabul edildi.

TGHB-niň kongresi oktýabryň ahyrynda Glazgoda (Şotlandiýa) BMG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatynyň (СОР-26), şeýle hem noýabrda Kunminde (Hytaý) geçiriljek bioköpdürlülik boýunça Maslahatynyň (COP-15) öň ýanynda döwletleri pandemiýadan soň ykdysadyýet işjeňleşende ekologýa çemeleşme ulanmaga, hususan-da ýurtlara we korporasiýalara ekologiýa gönükdirlen taslamalara maliýe serişdelerini bermäge çagyrdy.

Göz öňünde tutulýan maslahatlar tebigaty, aýartynam bioköpdürlüligi goramakda möhüm waka bolar. Çünki, baryp 2019-njy ýylda bioköpdürlülik boýunça Hökümetara meýdançasynyň hasabatynda ýakyn wagtda tebigat we haýwanat dünýäsinde millon görnüşiň ýitip gitmek howpy barlygy bellenildi, onda «görnüşler soňky on million ýyldakydan onlarça, belki, ýüzlerçe esse çalt ýitip gidýär» -diýilýär. Emma häzirki wagtda dünýä IJÖ-niň bary-ýogy 0,2% tebigy ekoulgamlary saklap galmaga gönükdirilýär.

Wladimir Komarow