Ï Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl

view-icon 7510
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl
Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl

13-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasynyň» 20 ýyllygyna bagyşlanan internetüsti türkmen-amerikan halkara maslahaty bolup geçdi. Bu gaýybana maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Maslahatyň işine Amerika tarapdan AFSP komitetiniň, Kongress kitaphanasynyň, San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, Bütindünýä miras gaznasynyň, Bütindünýä ýadygärlikler gaznasynyň, Gündogar institutynyň, Dokma önümleri muzeýiniň, «Dokma önümçiligi barada alada» guramasynyň wekilleri; Türkmenistan tarapdan bolsa Medeniýet ministrliginiň, Teleradioýaýlymy we kinomatografiýa boýunça döwlet komitetiniň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirligiň, Taryh we arheologoýa institutynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň AFSP-niň taslamalaryna dahylly beýleki adamlary gatnaşdylar.

Bellenen wagtda maslahata gatnaşýanlaryň hemmesi monitorlar arkaly arabaglanyşyga girdi. Ony giriş sözi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýu Klimou açdy. Ol şu aýyň Türkmenistan üçin ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen şöhratlanýandygyny belledi. «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasy-da» şu günki gün, şanly senäni ‒ planetamyzyň geljeginiň bähbidi üçin işjeň hereket edip başlamagynyň 20 ýyllygyny belleýär. Geçen iki on ýyllyk ABŞ-nyň hünärmenleriniň türkmenistanly kärdeşleri bilen, dikeldilmäge mätäç bolan taryhy ähmiýetli ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk döwri boldy.

Tutuş Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak boýunça dürli taslamalarda hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylandan soň, maslahata gatnaşýanlar türkmen we amerikan guramalarydyr bilermenleriniň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýollaryny bellediler.

AFSP maksatnamasynyň direktory, doktor Martin Perşler özüniň jemleýji çykyşynda, Türkmenistanyň özboluşly baý medeni mirasyny gorap saklamak işine berlendigini we bu mirasyň türkmenistanlylaryň geljekki nesillerini, şeýle hem dünýäniň çar künjünde ýaşaýan adamlary gözýetimleriniň giňäp, ruhlanmagyny üpjün etmekde ähmiýetiniň ulydygyny belläp, Türkmenistanda hem Birleşen Ştatlarda AFSP-ni goldaýanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

«Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasy» Kongresiň haýyşy bilen Döwlet departamenti tarapyndan döredilen malýa kömegi berilýän maksatnamadyr. Türkmenistan AFSP-niň maksatnamalarynyň sany boýunça birinji ýeri eýeleýär.

Tamara Glazunowa